Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň be­ýik tag­ly­mat­la­ry esa­syn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dy­ryp, dö­ret­mek, gur­mak, ha­lal zäh­met çek­mek ar­ka­ly ýur­du­my­zyň be­lent ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­mak is­leg­le­ri­ni art­dyr­ýar.
Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pä­him-paý­ha­sy­nyň, ene-ma­ma­la­ry­my­zyň jöw­her ze­hi­ni­niň mi­we­si bo­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da beý­gelt­mek dog­ru­syn­da amal ed­ýän iş­le­ri aý­ra­tyn uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şeý­le iş­le­riň ul­ga­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň dö­red­ýän eser­le­ri bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň her bir ra­ýa­ty üçin gö­wün gal­kyn­dy­ry­jy hä­si­ýe­te eýe­dir.
Bil­şi­miz ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz türk­men oky­jy­la­ry bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni hem mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ola­ryň dün­ýä me­de­ni ul­ga­myn­da­ky or­ny ha­kyn­da söh­bet aç­ýan eser­le­ri bi­len yzy­gi­der­li ta­nyş­dy­ryp gel­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň “Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Jan­ly ro­wa­ýat”, “Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry”, “Me­de­ni­ýet-hal­kyň kal­by­dyr”, “Türk­men me­de­ni­ýe­ti”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” ýa­ly on­lar­ça eser­le­ri­ni gu­wanç bi­len gör­kez­mek bo­lar. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za bo­lan bi­möç­ber söý­gü­si eziz Ar­ka­da­gy­my­za bu te­ma has çuň­ňur ara­laş­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ýa­ňy-ýa­kyn­da, has any­gy, şu ýy­lyň 24-nji ma­ýyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da aja­ýyp ha­ly­la­ry dö­redýän ge­lin-gyz­la­ry­my­za ba­gyş­lap, tä­ze ki­ta­by­ny ýa­zyp gu­ta­ran­dy­gy­ny aýt­ma­gy hem do­ly tassyklaýar. Şan­ly baý­ra­myň öňü­sy­ra­syn­da aý­dy­lan bu ha­bar gur­sa­gy hy­juw­ly, kal­by buý­sanç­ly hal­ky­my­zyň göw­nü­ne go­şa ga­na­ty ba­gyş et­di.
Il­ki bi­len tä­ze ki­ta­byň ady­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ha­kyn­da du­rup geç­mek is­le­ýä­ris. Eziz Ar­ka­da­gy­myz jöw­her ze­hi­nin­den sy­zy­lyp çy­kan tä­ze ki­ta­by­ny “Ar­şyň ne­pis­li­gi” diýip at­lan­dy­ryp­dyr. Ki­tap­da il­kin­ji ha­ly do­kan ze­nan ha­kyn­da tä­sin bir ro­wa­ýat ge­ti­ril­ýär. “Ol ju­da owa­dan, zy­ba görk­li bo­lup­dyr. Oňa se­re­den­ler öz­le­ri­niň er­ki­ni al­dy­ryp­dyr­lar. Ol aýal Gü­nüň şöh­le­le­rin­den ýol ýa­sap, as­ma­na uçup gi­den­miş. Ine, şol şöh­le­ler­den er­şi­ni sep­läp, ar­ga­jy­ny ba­ha­ryň gök ba­ýyr­la­ryn­dan gat­lap, çi­ti­mi­ni ak reňk­li kü­müş sä­her­ler­den, sa­ry­sy­ny al­tyn çä­ge­den çi­tip, ol ze­nan as­ma­na ýol sa­lyp gi­den­miş. Şo­nuň üçi­nem türk­men ha­ly­sy­nyň reň­ki çog gy­zyl, sa­ry­sy Gün ýa­ly, agy hem sä­her­ler deý owa­dan reňk­li­dir”. Ki­ta­byň ady onuň iç­ki maz­mu­ny bi­len öza­ra saz­la­şy­ga eýe­dir.
“Ar­şyň ne­pis­li­gi” at­ly tä­ze ki­tap “Il­den-ile aşan nus­ga­lar”, “Gö­zel­lik do­wa­ma­ty”, “Te­bi­gy­lyk aý­dy­my”, “Ha­ly – zy­nat”, “Ha­ky­da we do­wa­mat” ýa­ly bö­lüm­ler­den dur­ýar. Bö­lüm­le­riň için­den türk­men hal­ky­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mil­li mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan aja­ýyp ha­ly­la­ry­myz ha­kyn­da dür­dä­ne se­tir­ler eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Ki­ta­by­nyň ba­şyn­da: “Gül gun­ça­sy ga­ra gö­zü­ňe, ga­ra dag­la­ry da­ýan­jy­ňa, ýel­le­ri sa­ba­nyň ne­pe­si­ne, çö­lü­niň çä­ge­si zer dä­ne­si­ne, mu­kam­dyr aý­dym-saz­la­ry äle­miň se­da­sy­na meň­ze­ýän eziz Di­ýa­ry­myň her er­ti­ri me­niň kal­by­my heý­ja­na ge­tir­ýär” di­ýip, eziz Ar­ka­da­gy­myz Ha­kyň na­zar sa­lan türk­men top­ra­gy­na bo­lan eg­sil­mez buý­san­jy­ny be­ýan ed­ýär.
Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, mun­dan bir­nä­çe ýyl öň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men ha­ly­sy ha­kyn­da söh­bet aç­ýan “Jan­ly ro­wa­ýat” at­ly ki­ta­by çap edi­lip­di. Bu hak­da mil­li Li­de­ri­miz tä­ze ki­ta­byn­da şeý­le diý­ýär: “Men si­ze öň hem ýüz­le­nen­di­gi­me ga­ra­maz­dan, ýe­ne türk­men ha­ly­sy hak­da­ky oýu­ma ge­len pi­kir­le­ri ýe­tir­me­gi mak­sat edin­dim”. Bu se­tir­ler türk­men ha­ly­la­ry ha­kyn­da­ky te­ma­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz üçin he­mi­şe­lik äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Tä­ze ki­ta­byň ha­ly­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri, ha­ly fab­rik­le­ri­niň işi, ha­ly­la­ryň do­ka­ly­şy, çi­ti­li­şi, te­bi­gy reňk­ler, Ga­ra­gum gö­zel­lik­le­ri, Kö­pet­da­gyň, Amy­der­ýa­nyň, go­ja­man Ha­za­ryň tä­sin­lik­le­ri ha­kyn­da­ky fo­to­su­rat­lar bi­len be­zel­me­gi onuň gym­ma­ty­ny has-da art­dyr­ýar. Hal­ky­my­zyň şa­han­daz­ly­gy­nyň, su­han­göý­lü­gi­niň, iň esa­sy-da, her bir çe­me­le­şen işi­ni nus­ga­lyk de­re­jä ýe­ti­ren­di­gi­niň be­ýa­ny bo­lan bu iş­le­ri syn­la­nyň­da, kal­byň buý­sanç­ly duý­gu­dan pü­re-pür­len­ýär.
Gö­zel­li­giň we kä­mil­li­giň baý­da­gy bo­lan mil­li türk­men ha­ly­la­ry­myz go­ja­man ta­ry­hyň uzak do­wa­myn­da ene-ma­ma­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip, ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip gel­nen be­ýik sun­gat­dyr. Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ho­wan­da­ry eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ze­hi­ni bi­len bu gün­ki gün aja­ýyp ha­ly­la­ry­myz dün­ýä gym­mat­lyk­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­ýär.
Goý, bu iş­le­riň göz­ba­şyn­da du­rup, hal­ky­my­zyň her bir mil­li gym­mat­ly­gy ha­kyn­da dün­ýä nus­ga­lyk eser­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, ga­la­my ýi­ti, be­lent tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Sa­par­my­rat ATA­ÝEW,
Da­şo­guz we­la­ýat Baş bi­lim
mü­dir­li­gi­niň baş hü­när­me­ni.