Bir gysym bugdaý dänesi altyn başly bugdaýa, soňra una, çörege öwrülýänçä, daýhan ýylboýy zähmet çekýär. Şol zähmete sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň gujur-gaýrata beslenip işlemegi, azabynyň ýerine düşmegi üçin ähli şertleri döredýär. Şonuň netijesinde, altynsow başly bugdaý meýdanlaryna siňdirilen alyn deriň rähnedine buýsanýan, ertirki gününe ynamly garaýan edermen daýhanlarymyz ajaýyp zamanada ýaşaýarlar. Olar goşalandyrylan gujur bilen zähmet çekip, ýylyň-ýylyna orak möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin yhlas edýärler.
Türkmen daýhanlarynyň netijeli işlemegi, ýyllyk borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmegi üçin döwlet derejesinde alada edilýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde degişli ulgamyň ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňläp, olara öňde duran wezipeleri kesgitläp berýär. Möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý oragyny öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek boýunça çäreleriň tutuş toplumyny üpjün etmegi talap edýär. Milli Liderimiz şeýle hem bereketli hasyl almak maksady bilen, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine hemme agrotehniki çäreleri öz möhletinde ýerine ýetirmegiň wajypdygyny nygtaýar. Öz gezeginde, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary galla kabul ediş bölümleri hem-de tehnikalary däne oragy möwsümine ykjam taýýarlaýarlar.
Milli Liderimiziň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işlere, hususan-da galla oragyna diýseň jogapkärli taýýarlanmagy dogrusynda yzygiderli alada edýändigine Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda gol çeken Kararynyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şol resminama laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanda 2016-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talaba laýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen kabul edilýän kararlar we beýleki möhüm çäreler gallaçy daýhanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Çünki bereketli türkmen topragynda ýetişdirilýän ak bugdaýymyz mähriban halkymyzyň halal saçaklarynyň rysgal-berekedidir, barha galkynýan we kuwwatlanýan döwletimiziň abadançylygynyň, berkararlygynyň, azyk bolçulygynyň kepilidir.
Soňky ýyllarda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmek boýunça durmuşa geçirilen döwletli tutumlar netijesinde, bu ulgamda ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine we kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar gallaçylaryň zähmet öndürijiligini, olaryň barha ýokary hasyl almaga gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak üçin oňat itergi bolup hyzmat edýär we olary has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirkizaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň iň kämil, kuwwatly tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ähli zehinini, gujur-gaýratyny siňdirip, bereketli hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän başarjaň daýhanlarymyz, edermen mehanizatorlarymyz sanardan kän. Hut şolaryň yhlasly zähmeti netijesinde, hem ýylyň ýylyna ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilýär we Watan harmanyna tabşyrylýar.
Däp bolup gelşi ýaly, galla oragynyň tamamlanmagy bilen eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde Galla baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Häzirki günlerde hem ähli oba hojalyk işgärleri, şonuň bilen bir hatarda, edermen daýhanlarymyz Galla baýramyna sowgatly barmak we Watan harmanyny guşgursak bugdaýyň hasyly bilen has-da beýgeltmek maksadyndan ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýärler.
Türkmen topragynda bereketli hasyl ýetişdirilýändigi we ýylyň-ýylyna bol hasyl alynýandygy ata Watanymyzda eşretli durmuşyň gaýnap-joşýanlygynyň, türkmen halkynyň bolelin ýaşaýandygynyň aýdyň kepilidir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur!
Meretgül Taganmyradowa,
S.A Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.