Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyrylýar. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edilýär. Köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldular. Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeleýär. Paýtagtymyzyň kaşaň we göze gelüwli binagärlik keşbini döredýän desgalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu görkezijiler Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat şäherini ösdürmek milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň, milli maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan “2015-2016-njy ýyllarda Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýokary dünýä ülňülerine, innowasiýalara, döwlet syýasatynyň durmuş ugurlaryna gönükdirilendir.
Diňe geçen ýylyň dowamynda gurlup, ulanmaga berlen desgalara göz aýlanyňda hem şäher gurluşyk maksatnamasynyň nähili giňdigine, tutumlydygyna göz ýetirmek mümkin. Oguzhan köçesiniň durky täzelenen günorta böleginde peýda bolan belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, durmuş — medeni maksatly desgalary hem-de döwrebap düzümleri öz içine alýan paýtagtymyzyň täze toplumy döwrümiziň mysaly keşbine meňzeýär. Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan bu uly toplum 30-dan gowrak desgany öz içine alýar. Iň bir guwandyryjy zat bolsa, olaryň paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary–hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurlandygydyr.
Ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezi guruldy. Onda alyjylara azyk we senagat harytlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýän ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşýär. Ankara köçesiniň ugrunda nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça bina edilen täze toplum peýda boldy. 12 gatly 72 öýli üç sany ýaşaýyş jaýynyň her birinde üç, dört we bäş otagly, giň hem-de otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýler göz öňünde tutuldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda söwda merkezi, medeni we sport merkezleri bar.
Paýtagtymyzyň binagärlik gözelligi, onuň ajaýyp köşk toplumlary, belent binaly ýaşaýyş toplumlary, şaýollary we göwnejaý bezegli meýdançalary barha baýlaşýar. Gülleriň dürli görnüşleri bilen öwşün atýan ýaşyl zolaklar, seýilgähler, seýil baglar şäherimize görk berýär. Geçen ýyl paýtagtymyzyň Bitaraplyk we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda “Arkadag” atly medeni we dynç alyş seýilgähi açyldy. 7 gektar meýdanda ýerleşýän bu seýilgäh kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Ösüş bankynyň edara binalarynyň binagärlik toplumy bilen utgaşyp gidýär.
Aşgabadyň merkezindäki – Türkmenbaşy şaýolundan A.Nowaýy köçesine çenli uzap gidýän seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça iri möçberli işler ýerine ýetirildi. Onuň umumy meýdany 170 inedördül metre golaý bolup, 86 müň inedördül metrden gowrak ýeri ýaşyl zolaklar eýeleýär.
Paýtagtymyzyň beýleki täze binalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkezi, “Bagtyýarlyk” sport toplumy we “Aşgabat” stadionynyň ýanynda gurnalan tennis meýdançasy, Metbugat öýi toplumy, sergi merkezli Söwda-senagat edarasynyň binasy, A. Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň binalar toplumy, şeýle hem uçuş-gonuş zolaklary, uçuş-dispetçerçilik diňi hem-de Türkmenistanyň esasy howa derwezesi bolan paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň täze toplumyna girýän beýleki desgalar bar.
Aşgabadyň ýaşaýyş jaý gaznasy hem yzygiderli artýar. Oguzhan köçesi bilen Bitarap Türkmenistan şaýolunyň arasynda, gurluşygyň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş medeni maksatly binalaryň gurluşygy başlandy. Dokuz gatly köp otagly ýaşaýyş jaýlary gurulýan paýtagtymyzyň Parahat-7 etrapçasy ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi.
Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrundan geçýän paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ol ýerde belent jaýlardan başga-da, 16 sany 3 we 4 gatly ýaşaýyş jaýlary we 208 sany 2 gatly kottejler, 11 söwda dükany gurlar. Şeýle hem 160 orunlyk çagalar bagy we 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän orta mekdep, seýilgähler zolagy gurlup, ulanmaga berler.
Bu aýdylanlar ýene-de sähelçe wagtdan paýtagtymyzyň ýaşamak, syýahat etmek, dynç almak üçin Orta Aziýada iň amatly, gelim-gidimli, owadan şäherleriň birine öwrülýändiginden habar berýär.
Ogulnabat Saryýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.