Azerbaýjan Ermenistana ýangyjyň täze tapgyryny iberer

1

Azerbaýjan Ermenistana ýangyjyň täze tapgyryny, ýagny AI-92 benziniň 18 wagonyny hem-de dizel ýangyjynyň 8 wagonyny iberiler. Bu barada Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri penşenbe güni habar berdiler diýip, “Anadolu Ajansi” habarlar gullugy habar berdi.
Bu tapgyryň umumy möçberiniň 971,392 tonna boljakdygy bellenýär. Mundan daşgary ýurda dizel ýangyjynyň 466,515 tonnasy ýollanar. Öň, 2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda hem Azerbaýjan Ermenistana AI-95 görnüşli 1220 tonna benzin iberipdi.
Şunlukda, Baku ermeni ugry boýunça çäklendirmeler ýatyrylandan soňra ýangyç daşamalary dowam edýär.