“ Ýönekeý haýyş” (A Simple Favor)
Režissýory: Pol Fig; Keşplerde: Anna Kendrik, Bleýk Laýwli, Henri Golding, Andrýuw Rannells, Sara Beýker, Kelli MakKormak, Glenda Braganza, Aparna Nankerla, Joşua Satine; Prodýuserleri: Pol Fig, Jessi Henderson; Ssenariçi: Jessika Şarzer (Darsi Belliň “A Simple Favor” atly eseri esasynda); Kompozitory: Teodore Şapiro; Öndüriji: “Lionsgate”, “Feigco Entertainment”; Paýlaýjy: “Lionsgate”; Dowamlylygy: 117 minut; Görnüşi: syrly, triller; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe.
“Bridesmaids” (2011), “The Heat” (2013), “Spy” (2015), “Ghostbusters” (2016) ýaly aktrisa Melissa MakKartiniň surata düşen komediýalarynyň režissýory Pol Figiň täze kinosy “Ýönekeý haýyş” (A Simple Favor) diýlip atlandyrylýar. Darsi Belliň 2017-nji ýylda çapdan çykan adybir romany esasynda ekranlaşdyrylan trillerde baş keşpleri Golliwudyň tanymal aktrisalary – Anna Kendrik bilen Bleýk Laýwli janlandyrýar. “Lionsgate” kompaniýasynyň önümi bolan ekran eseri Kanadanyň Toronto şäherinde surata düşürildi.
Işi başyndan agdyk işewür zenan Emili (Bleýk Laýwli) internetde web-blogger sahypasyny dolandyrýan ýakyn jorasy Stefaniden (Anna Kendrik) 5 ýaşyndaky ogluny okuwdan alyp, öz öýüne getirmegi haýyş edýär. Ýöne şondan soň Emili birden ýitirim bolýar. Stefani we Emiliniň ýanýoldaşy hemmäni başagaý edip, onuň gözlegine çykýar. Ýöne esasy başagaýlyk Emiliniň tapylmagyndan soň başlaýar…
“Paltan” (Paltan)
Režissýory: J.P. Dutta; Keşplerde: Jeki Şroff, Arjun Rampal, Sonu Sud, Abdul Kuadir Aman, Rohit Roý, Gurmeet Çoudhari, Harşwardhan Rane, Siddhant Kapur, Luw Sinha, Monika Gill, Eşa Gupta; Ssenariçi: J.P. Dutta; Kompozitorlary: Sanjoý Çowdhuri, Anu Malik; Öndüriji: “J P Films”; Paýlaýjy: “Zee Studios”; Dowamlylygy: 154 minut; Görnüşi: uruşly, taryhy, drama; Ýurdy: Hindistan; Dili: hindiçe.
“Border”, “Refugee”, “LOC Kargil” hem-de “Umrao Jaan” ýaly filmler bilen adygan halypa režissýoryň täze kinosy “Paltan” taryhy wakalara daýanýar. Filmde Jeki Şroff, Arjun Rampal, Sonu Sud, Rohit Roý, Monika Gill ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrýar. 1960-njy ýyllarda Hindistanyň demirgazyk serhedinde bolup geçen wakalar barada söhbet açýar.