Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 428 million 978 müň manatdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, polipropileni, nebit koksuny, nah matany we çig ýüpegi satyn aldylar.