Dünýäniň iň köp smartfon öndürýän kompaniýasy “Samsung” Hytaýda internet arkaly bölek söwdany amala aşyrýan “Alibaba” bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekdi. Ylalaşyga laýyklykda, koreý şereketi elektron töleg hyzmaty “Alipay”-den bilelikde peýdalanar. Ýagny “Samsungpay” töleg ulgamyny ulanýanlar hiç hili päsgelçiliksiz “Alipay” hasabyndan hem peýdalanyp bilerler. “Samsungpay” Hytaýda mart aýynda ýola goýlupdy. Ondan bir aý ozal “Apple”-iň şeýle ulgamy bu ýurtda hyzmata hödürlenipdi. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda mobil töleg arkaly amala aşyrylan tölegleriň mukdary geçen ýyl 57 göterim ýokarlanyp, 1 milliard 280 million ýewro barabar bolupdyr.