Dünýäniň iň aňrybaş elektroulaglaryny öndürýän “Tesla” kompaniýasy bu ulaglar üçin batareýa öndürjek kärhananyň 29-njy iýulda ulanmaga beriljekdigini mälim etdi. Newada ştatyndaky “Gigafactory” atly önümçilik desgasynda batareýa öndüriler. Kompaniýa golaýda “Model 3” ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin 1,5 milliard dollarlyk paýnama satuwyny amala aşyrjakdyklaryny mälim edipdi. Şeýle hem zawodda “Model 3” we ondan soňky modeller hem öndüriler. 2020-nji ýylda şereketiň ulaglarynyň dünýäde iň ýörgünli ulaga öwrüljekdigi aýdylýar.