Ki­no dün­ýä­si­niň il­kin­ji fes­ti­wa­ly bo­lan 75-nji We­ne­si­ýa film şü­we­le­ňi ta­mam­lan­dy. 29-njy aw­gust­da baş­la­nan fes­ti­wal­da mek­si­ka­ly re­žiss­ýor, Os­ka­ryň eýe­si Al­fon­so Kua­ro­nyň “Ro­ma” at­ly ki­no­sy baş baý­ra­ga – “Al­tyn ýol­bars” sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy. Bu film re­žiss­ýo­ryň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da, ýag­ny 1970-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da Mek­si­ka­da baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry dog­ru­syn­da gür­rüň ber­ýär. Ak-ga­ra reňk­dä­ki dra­ma gör­nüş­li film is­pan di­lin­de bo­lup, onuň sse­na­ri­si­ni-de re­žiss­ýo­ryň özi ýaz­dy. “Ýe­riň dar­tyş güý­ji” (Gravity) ki­no­sy bi­len 2013-nji ýyl­da Os­kar ga­za­nan Kua­ron “Al­tyn ýol­bar­sy” alan 2-nji mek­si­ka­ly re­žiss­ýor­dyr. On­dan öň ge­çen ýyl “Su­wuň şe­ki­li” (The Sha­pe of Wa­ter) ki­no­sy bi­len Gil­ler­mo Del To­ro “Al­tyn ýol­bar­sy” eýe­läp­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Gil­ler­mo Del To­ro­nyň bu fil­mi-de soň­lu­gy bi­len, Os­kar baý­ra­gy­ny-da ga­za­nyp­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da su­ra­ta dü­şür­ýän film­le­ri bi­len kö­püň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän gre­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ýor­gos Lan­ti­mo­syň tä­ze fil­mi “Söý­gü­li” (The Favou­ri­te) fes­ti­wa­lyň ikin­ji ab­raý­ly sy­la­gy emin­le­riň “Gran Pri” baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di. Iň go­wy re­žiss­ýor üçin be­ril­ýän “Kü­müş ýol­bars” baý­ra­gy-da “Do­gan­lar Sis­tersler” (The Sis­ters Brot­hers) fil­mi üçin fran­si­ýa­ly Žak Odia­ra gow­şu­ryl­dy. “Söý­gü­li” (The Favou­ri­te) ki­no­sy­nyň ýyl­dy­zy Oli­wi­ýa Kol­man iň go­wy akt­ri­sa, “Ebe­di­lik ga­py­syn­da” (At Eter­ni­ty’s Ga­te) fil­min­dä­ki keş­bi üçi­n us­sat ar­tist Wil­lem De­fo iň go­wy akt­ýor diý­lip saý­lan­dy. Meş­hur re­žiss­ýor­lar, do­gan­lar Jo­el we Itan Ko­en­ler “Bas­ter Skrugg­syň bal­la­da­sy” (The Bal­lad of Bus­ter Scruggs) ki­no­sy üçin iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy­lar. Bu ýyl­ky fes­ti­wal­da emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy­nyň eýe­si-de Jen­ni­fer Kent bo­lup, ol “Bil­bil” (The Nigh­tin­ga­le) fil­mi üçin bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di. Mar­çel­lo Mas­t­roian­ni­niň ady­ny gö­ter­ýän baý­rak bol­sa, “Bil­bil” fil­min­de baş keşp­le­riň bi­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ren Baý­ka­li Ga­nam­bar­ra be­ril­di.
Dün­ýä­niň iň ga­dy­my ki­no fes­ti­wa­ly bo­lan Wenesiýa şu ýyl 75-nji ge­zek ge­çi­ril­di. 11 gün­läp do­wam eden fes­ti­wal­da “Al­tyn ýol­bars” baýragy ug­run­da 21 film bäs­le­ş­di. Gil­ler­mo Del To­ro­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky emin­ler to­pa­ry­na-da Sil­wia Çan, Tri­ne Dir­holm, Ni­kol Gar­si­ýa, Pao­lo Je­no­we­se, Mal­gor­ža­ta Su­mows­ka, Tai­ki Wai­ti­ti, Kris­tof Waltz, Nai­mi Watts ýa­ly ki­no dün­ýä­si­niň dür­li kär­dä­ki şah­sy­ýet­le­ri ça­gy­ry­l­dy.

75-nji “Al­tyn ýol­bars” baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri:
“Al­tyn ýol­bars” baý­ra­gy: “Ro­ma” – Al­fon­so Kua­ron
Emin­le­riň “Gran Pri” baý­ra­gy – “Söý­gü­li” (The Favou­ri­te) – Ýor­gos Lan­ti­mos
Iň go­wy re­žiss­ýor: Žak Odiar – “Do­gan­lar Sis­ters­ler” (The Sis­ters Brot­hers)
“Vol­pi” ku­bo­gy – iň go­wy akt­ri­sa: Oli­wi­ýa Kol­man – “Söý­gü­li” (The Favou­ri­te)
“Vol­pi” ku­bo­gy – iň go­wy akt­ýor: Wil­lem De­fo – “Ebe­di­lik ga­py­syn­da” (At Eter­ni­ty’s Ga­te)
Iň go­wy sse­na­riý: Jo­el we Itan Ko­en­ler – “Bas­ter Skrugg­syň bal­la­da­sy” (The Bal­lad of Bus­ter Scruggs)
Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy: Jen­ni­fer Kent – “Bil­bil” (The Nigh­tin­ga­le)
Mar­çel­lo Mast­roian­ni adyn­da­ky baý­rak: Baý­ka­li Ga­nam­barr – “Bil­bil” (The Nigh­tin­ga­le)