Internet arkaly elýeter bahadan taksi ýa-da hususy ulag hyzmatyny hödürleýän “Uber” kompaniýasy özüniň ilkinji sürüjisiz ulagyny synagdan geçirdi. ABŞ-da geçirilen synagda lazer sensorlar, radarlar we kameralar oturdylan “Ford Fusion” model ulagdan peýdalanyldy. Synag dürli howa we ýol şertleriniň bardygy üçin Pensilwaniýanyň Pitsburgh şäherinde geçirildi. Kompaniýanyň wekilleri sürüjisiz ulagy işläp taýýarlamagyň ilkinji tapgyryny ýerine ýetirýändiklerini we bu tehnologiýanyň ygtybarlydygyna ynanýandyklaryny aýtdy.
Täzeçil tehnologiýany önümçilige ornaşdyrmagy bilen tanalýan “Toyota” “Uber” şereketi bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär. Ýapon firmasy “Uber” bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin gepleşikler geçirip başlandygyny mälim etdi. Eger ylalaşylan ýagdaýynda “Toyota” “Uber”-iň sürüjilerine ýeňillik döreder. “Uber” bolsa “Toyota”-ly sürüjileri has köp saýlar. Ylalaşygyň Hytaýda “Toyota” has köp ulanylmagyna ýardam etjekdigi aýdylýar. “General Motors” we “Volkswagen” hem täze döreýän bu pudaga maýa goýum goýýar.