Bu ýyl 43-nji ge­zek ge­çi­ri­len To­ron­to hal­ka­ra film fes­ti­wa­lyn­da (TIFF) baş baý­ra­ga – “Pe­op­le Choice Award” sy­la­gy­na “Ýa­şyl ki­tap” (Green Bo­ok) ki­no­sy my­na­syp bol­dy. Pi­ter Far­rel­li­niň bu ko­me­di­ýa-dra­ma fil­min­de baş keşp­le­ri Wig­go Mor­ten­sen bi­len os­kar­ly Ma­her­şa­la Ali jan­lan­dyr­ýar. Bu film “Aýyň ýag­ty­ly­gy” (Mo­on­light) bi­len ady­gan Ber­ri Jen­kin­siň tä­ze ki­no­sy “Eger-de Bil Strit gür­läp bil­se­di” (If Bea­le Street Could Talk) hem-de os­kar­ly re­žiss­ýor Al­fon­so Kua­ro­nyň “Ro­ma” fil­min­den öňe saý­lan­dy.
Do­ku­men­tal film­le­riň ara­syn­da “Ýe­ke­lik­dä­ki şow­hun” (Free So­lo) iň go­wu­sy diý­lip saý­lan­dy. Al­pi­nist Aleks Hon­nold ba­ra­da söh­bet aç­ýan fil­mi Eli­za­bet Çai Wa­sar­helý­hi bi­len Jim­mi Çin bi­le­lik­de su­ra­ta dü­şür­di. Wa­san Ba­la­nyň su­ra­ta dü­şü­ren “Agy­ry­ny duý­ma­ýan adam” (Mard Ko Dard Na­hi Ho­ta) fil­mi-de “Pe­op­le’s Choice Award: Mid­night Mad­ness” baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di. Hy­taý­ly Ho Wi Di­niň “Soň­ky zat­la­ryň şäheri” (Cities of Last Things) ki­no­sy-da “Plat­form” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy.
To­ron­to hal­ka­ra film fes­ti­wa­ly 1976-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip gel­inýär. Ka­na­da­nyň To­ron­to şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän fes­ti­wal­da her ýyl ýüz­ler­çe film halk köp­çü­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­ýär. Öň­ki ýyl­lar­da fes­ti­wal­da baş baý­ra­gy alan kä­bir ki­no­la­ryň Os­kar baý­rak­la­ryn­da-da iň go­wy film diý­lip saý­la­nan­dy­gy­ny hem bel­läp ge­çe­liň. Olar­dan “Ame­ri­kan gö­ze­li”, “Kül­be­den çy­kan mil­lio­ner”, “Ko­rol gür­le­ýär”, “12 ýyl ýe­sir­lik­de” ýa­ly Os­ka­ryň baş baý­ra­gy­ny, şeý­le hem “Dur­muş aja­ýyp­dyr”, “Bu­kul­ýan gap­laň, giz­len­ýän až­dar­ha”, “Ýa­sa­ma oýun”, “La La Lend” hem-de “Eb­bing-Mis­su­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki 3 bill­bord” ki­no­la­ry-da Os­ka­ryň beý­le­ki sy­lag­la­ry­ny alyp­dy.