Kino sungatynyň meşhur iňlis jansyzy Jeýms Bonduň 25-nji filmini surata düşürjek režissýor ahyry belli boldy. Ilki mundan öňki 2 kinonyň režissýory Sem Mendesiň ýene-de kameranyň arkasyna geçjekdigi habar berlipdi. Soň-soňlar oskarly Denni Boýluň, “Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk” filmleriniň režissýory Kristofer MakKuarriniň, “Blade Runner 2049” filmini surata düşüren kanadaly Denni Willnýowyň, şeýle-de Dewid MakKenziniň atlary 25-nji “Jeýms Bond” kinosy üçin agzalypdy. Ýöne filmiň prodýuserleri “Hakyky aňtawçy” (True Detective) teleserialy, “Beasts of No Nation” filmi hem-de soňky eseri “Maniac” gysga göwrümli teleserialy bilen köpleriň ünsüni çekmegi başaran Keri Fukunagany saýladylar. Baş keşpde soňky 4 filmde Jeýms Bondy janlandyran Daniel Kreýgiň (iň soňky sapar janlandyrar) surata düşjek täze kinosy 2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda kinoteatrlara ýaýradylar. Filmiň beýleki artistleri doly belli bolanyndan soň, onuň surata alnyş işlerine geljek ýylyň mart aýynda badalga berler.