Angliýanyň çempionatynda “Mançester Sitiniň” öz meýdançasynda “Sanderlandy” 5-3 ýeňen oýnunda şäherlileriň soňky goluny Erling Holann geçirdi. Şeýlelikde, norwegiýaly hüjümçi Angliýanyň “Premier Ligasynda” toparynyň duşuşan ähli klubunyň derwezesinden gol geçirmegi başardy. “Sanderland” topary onuň APL-de gol geçiren 25-nji kluby boldy. Ýyldyz oýunçy şu wagta çenli “Premier Ligada” 117 gol geçirdi. Onuň iň köp gol geçiren topary “West Ham” kluby bolup, ol londonlylaryň derwezesini 11 gezek sarsmagyň hötdesinden geldi. 2-nji ýerde Londonyň başga bir kluby “Kristal Palas” bolup, ol bu toparyň derwezesinden 10 pökgini geçirdi. Şäherlileriň şäherdeşi “Mançester Ýunaýted” hem Erling Holannyň takyk urgularyndan özüne düşen paýy alyp, norwegiýaly oýunçy toparynyň köne bäsdeşiniň derwezesinden 9 gol girizdi. Ol “Wulwerhempton” toparynyň derwezesinden 8 gol geçirdi
West Ham – 11
Kristal Palas – 10
Mançester Ýunaýted – 9
Wulwerhempton – 8
Börnli, Fulham – 5
Nottingam Forestden – 4
Southempton, Braýton – 3
Lids, Ewerton, Arsenal, Çelsi, Lester Siti – 2
Nýukasl, Aston Willa, Şeffild Ýunaýted, Bornmut, Tottenham, Luton Tawn, Kowentri, Sanderland – 1
PDF








