1690-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Amerikanyň Boston şäherinde “Publick Occurrences Both Forreign and Domestick” (Daşary ýurt we içerki wakalar barada köpçülikleýin habarlar) atly gazet ilkinji gezek neşir edildi. Bu neşir köplenç Demirgazyk Amerikadaky iň irki gazet hökmünde taryhda aýratyn orun eýeleýär. Ondan öň diňe bir tarapyndan täzelik ýa-da bildiriş ýerleşdirilen kagyzlar çap edilipdir. Olara iňlis dilinde “broadside” diýilýär. Bu kagyzlar diwara ýa-da bildirişler tagtasyna ýelmenýändigi sebäpli bir tarapy boş goýlupdyr. 19×29 sm ölçegindäki “Publick Occurrences Both Forreign and Domestick” gazeti bolsa, dört sahypadan ybarat bolup, soňky sahypasy boş goýlupdyr. Boş sahypanyň maksady gazeti alan adamyň ony başga birine bermezden ozal, şahsy belliklerini ýa-da goşmaça habarlary ýazmagy üçin bolupdyr. Gazetdäki täzelikler iki sütüne ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, “Publick Occurrences Both Forreign and Domestick” ilkinji “köp sahypaly” neşir bolandygy üçin gazet hasaplanýar.
Gazetiň awtory we neşirçisi Benjamin Harris bolup, onuň maksady daşary ýurtlarda we ýerli sebitlerde bolup geçýän möhüm wakalar barada halka maglumat bermekdi. Neşirde syýasy wakalar, daşary ýurt habarlary we jemgyýetçilik meseleleri barada maglumatlar ýerleşdirilipdir. Emma gazetiň ykbaly örän gysga boldy, ilkinji sany çap edilenden soň, kolonial häkimiýetler onuň rugsatsyz neşir edilendigini aýdyp, gazetiniň dowam etdirilmegine rugsat bermändirler. Şol wagtlar gazet we çap işini ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnama almak barada kanun kabul edilipdi.
Netijede, “Publick Occurrences” diňe bir gezek çap edilip, şol günüň özünde taryhyň bir bölegine öwrüldi.
Şondan soňra 1704-nji ýylda Jon Kempbelliň esaslandyran “The Boston News-Letter” gazeti çykýança hiç kim neşirýat işi bilen meşgullanmandyr.
Mähri Gurbanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








