Russiýanyň “RZD Tour” syýahatçylyk kompaniýasy Ermenistan bilen Gruziýanyň arasynda syýahaty ýola goýdy. Gezelenç maksatly syýahata gatnaşan ýolagçylar şäherleriň arasynda demir ýol arkaly gatnarlar. Syýahatçylar “Kawkazyň iki ýüregi” atly üç günlük gezelenjiň dowamynda Ýerewanda we Tbiliside bolarlar. Otlynyň ýolagçylary gündizine awtobusly şäherde gezelenç ederler. Agşamlaryna bolsa, beýleki şähere gitmek üçin otla gaýdyp gelerler. Şeýlelikde ýolagçylar wagt ýitirmän beýleki şähere bararlar.
Ilki bilen, syýahatçylar Ýerewanda gezelenç ederler. Olar şäheriň Maştoç, Bahramýan köçeleri, Demirgazyk bulwary ýaly ýerlerini aýlanarlar. Günüň ahyrynda ýolagçylar otla bararlar. Otly Gruziýa tarap hereket eder. Ertesi irden Gruziýanyň Tbilisä bararlar. Bu şäherdäki Azatlyk meýdançasy, Barataşwili bulwary, Kükürtli hammamlar, Gabriadze teatry, Parahatçylyk köprüsi, Narikala galasy we Sýoni Kafedraly ýaly ýerler syýahatçylary garşy alar. Günüň ikinji ýarymynda ýurduň ozalky paýtagty Mtshetanadaky taryhy ýerlere gezelenç guralar. Üçülenji güni otly yzyna dolanar. Ýoluň ugrunda syýahatçylar Ararat dagynyň gözelliklerine tomaşa ederler hem-de ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy ýerlere baryp görerler. Maksatnama ermeni aşhanasynyň tanyşdyrylmagy bilen tamamlanar. Syýahatçylar ýerli ýaşaýjylaryň öýlerinde myhmançylykda bolarlar we naharlaryň taýýarlanyşy bilen ýakyndan tanşarlar. Üç günlük syýahatyň bahasynyň 63 müň rubldan başlanýandygy mälim edildi.
PDF








