Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň çempionlyklary ýatyrylyp bilner ýa-da klub aşaky ligalara ugradylmagy mümkin. Klub maliýe babatda 115 dürli maddada aýyplanýardy. Topar şolaryň 114-si boýunça günäkär hasaplandy. 2009-2018-nji ýyllar aralygyna degişli bolan bu döwürde klub maliýe işleri boýunça (transferlerde, salgyt töleglerinde…) ençeme gezek düzgün bozmalara ýol beripdir.

Kluba nähili jerimäniň ýa-da jerimeleriň salynjakdygy häzirlikçe belli däl. Şol ýyllarda gazanylan 6 çempionlygyň alynmagy mümkin. Ýa-da topar aşaky ligalaryň birine, 2-3-nji, hatda 4-nji liga hem düşürilmeli diýýänleriň sany az däl. Şol bir wagtyň özünde kluba uly mukdarda pul jerimesi-de salnyp biler.

Meseläniň nähili ýagdaýda jemlenjekdigi häzirlikçe belli bolman, gutarnykly netije ýakyn günlerde kesgitlener.

Aýyplamalary iňkär edýän “Mançester Siti” toparynyň bu ýöňkemelere garşylyk görkezmegine, özüniň nägileligini resmi ýollar arkaly bildirmegine garaşylýar.