Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Diýarymyzda ýene-de bir halkara sport ýaryşy golaýlap gelýär. Dünýä jemgyýetçiligi we halkara bileleşigi tarapyndan sport döwleti hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek babatda edýän irginsiz aladalarynyň netijesinde, noýabr aýynyň ilkinji günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçiriler. Şeýle iri ýaryşyň ýurdumyzda geçirilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň has-da ösdürilmegine gönükdirilen işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Biz hem gazetimiziň şu we indiki sanlarynda ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşyň öňüsyrasynda okyjylarymyza sportuň gadymy we tutuş dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda-da orun alan agyr atletika görnüşiniň taryhy, bu ugurda mundan ozal geçirilen Dünýä çempionatlary barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Sportuň Olimpiýa görnüşi
Agyr atletika sportuň Olimpiýa görnüşi bolup, ol häzirki zaman sporty hökmünde XIX asyrda Ýewropada ýüze çykýar. Agyr atletika sporty 1896-njy ýylda Afinyda geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär. 1900-nji ýyldaky Olimpiadanyň maksatnamasyna alynmadyk agyr atletika 1904-nji ýylda ýene-de gaýtadan sanawa goşulýar. Ondan soňky 2 Olimpiadanyň (1908, 1912) maksatnamasynda-da bolmadyk agyr atletika 1920-nji ýyldan bäri yzygiderlilikde tomusky Olimpiýa oýunlarynyň esasy görnüşleriniň biri bolýar. Agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynda 15 ugurdan (8-si erkekler, 7-si zenanlar) medallar gowşurylýar. Olimpiýa oýunlarynda irki ýyllarda ştanga diňe çep ýa-da sag elde göterilýär. 1920-nji ýyldan bäri bolsa, edil häzirki ýaly itekläp götermek hem-de silterläp götermek boýunça ýaryşlar geçirilýär. Olimpiýa oýunlarynda dürli agramlarda onlarça rekordlar goýuldy we täzelendi. Olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda agyr atletika ýaryşlary Sidneý 2000 Olimpiadasyndan bäri geçirilip gelinýär.
Halkara agyr atletika federasiýasy
Agyr atletika boýunça geçirilýän ähli halkara ýaryşlaryna Halkara agyr atletika federasiýasy (International Weightlifting Federation) gözegçilik edýär. Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) 1905-nji ýylda döredilýär. Onuň merkezi edara binasy Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde ýerleşýär. Guramanyň ady ilki-ilkiler “Federation Haltephile International” (FHI) diýlip atlandyrylyp, ol 1972-nji ýyldan soň üýtgedilýär. Halkara agyr atletika federasiýasyna häzirki wagtda 187 ýurt agza bolup, olar 5 yklyma wekilçilik edýär. Her yklymyň federasiýasy-da Halkara agyr atletika federasiýasynyň garamagynda bolup, olar Aziýanyň (AWF), Afrikanyň (WFA), Ýewropanyň (EWF), Okeaniýanyň (OWF) agyr atletika federasiýalary hem-de iki Amerika yklymynyň agyr atletika konfederasiýasydyr (PAWC). HAAF-yň häzirki prezidenti wengriýaly Tamas Ajan bolup, ol 2000-nji ýyldan bäri bu wezipäni ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda Halkara agyr atletika federasiýasynyň garamagyndaky iň uly bäsleşik Dünýä çempionaty ýaryşydyr. Şeýle-de HAAF ýetginjekleriň, ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatlaryny guraýar. Galyberse-de, her yklymda geçirilýän yklymlaýyn çempionatlara-da jogap berýär. HAAF-yň resmi dilleri iňlis we wenger dilleridir. “World Weightlifting” atly iňlis, ispan we rus dillerindäki žurnal hem Halkara agyr atletika federasiýasynyň garamagynda aýda 1 gezek çap edilýär. HAAF 1982-nji ýyldan bäri erkekleriň arasynda, 1991-nji ýyldan bäri-de zenanlaryň arasynda her ýyl “Ýylyň agyr atletikaçysy” diýen baýragy hem gowşurýar. Baýragy türkiýeli Naim Süleýmanoglu, eýranly Hossein Rezazadeh hem-de gazagystanly Ilýa Ilin iň köp gazanan ştangaçylardyr (4 gezek). Zenanlaryň arasynda-da hytaýly Liu Çunhon 3 gezek alyp, kärdeşlerinden öňde barýar.
Agyr atletika boýunça
Dünýä çempionaty
Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty ilkinji gezek mundan 127 ýyl ozal, has takygy, 1891-nji ýylda geçirilýär. Şondan bäri şu wagta çenli 83 ýaryş geçirildi. Zenanlaryň arasyndaky Dünýä çempionaty aýratynlykda ilkinji gezek 1987-nji ýylda ABŞ-nyň Daýtona Biç şäherinde geçirilýär. Olaryň arasynda 4 çempionat aýratynlykda geçirilse-de, soňlugy bilen, 1991-nji ýyldan başlap, iki çempionat birleşdirilýär.
Agyr atletika boýunça Zeminiň birinjiligi ugrundaky bäsleşik 1964-nji (Tokio), 1968-nji (Mehiko Siti), 1972-nji (Münhen), 1976-njy (Monreal), 1980-nji (Moskwa) hem-de 1984-nji ýyllarda (Los Anjeles) geçirilmän, şol ýyllardaky Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlary Dünýä çempionaty diýlip hasaba alynýar. 1988-nji ýyldan bäri-de tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýyllarynda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty guralmaýar. Awstriýanyň paýtagty Wena agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny iň köp guran şäherdir. Bu şäherde ýaryşlar 11 gezek geçirilip, iň soňkusy 1961-nji ýylda guralýar. Dünýä çempionaty irki ýyllarda aglaba Ýewropa ýurtlarynyň şäherlerinde geçirilenem bolsa, soňky wagtlarda Ýer şarynyň beýleki yklymlarynyň-da iri şäherleri bu sport baýramçylygyny özlerinde kabul edýär. (Dowamy bar).
Hajymyrat Söýünow,
sport žurnalisti.