Her ýyl poçta bölümleri 350 milliarddan gowrak haty we 1 milliarda golaý posylkany eýelerine gowşurýar. Dünýäniň dürli künjeklerindäki poçta bölümleri diňe hatlary paýlaýan edara bolman, eýsem adamlaryň maliýe amallaryny ýerine ýetirmek we zerur bolan maglumatlary almak üçin jemlenýän ýeri hasaplanýar. Her ýylyň 9-njy oktýabrynda Bütindünýä poçta güni giňden bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bu baýramçylyk boýunça taýýarlanan beýanatda poçtanyň ygtybarly, arzan hem-de ýerini dolduryp bolmajak aragatnaşyk serişdesi bolup durýandygy mälim edildi.
Soňky ýyllarda tutuş dünýäde internet we täze nesil ykjam aragatnaşyk enjamlarynyň giňden ýaýramagyna garamazdan, adamlar hatlary, posylkalary, pul geçirimleri ýene-de poçtadan ibermegi has amatly hasaplaýarlar. Poçtanyň işgärleri dünýäde barmasy kyn ýerlere çenli baryp, müşderisiniň islegini kanagatlandyrýar. Köp ýerlerde poçta bölümleri ýerli ýaşaýjylaryň özboluşly jemgyýetçilik merkezi bolup hyzmat edýär. Poçta işgärleriniň esasy wezipesi müşderiniň ýagdaýyna düşünmek, onuň islegini göz öňünde tutup, şony kanagatlandyrmagyň mümkinçiliklerini gözlemekden ybaratdyr.
Poçta ulgamy häzirki zamanyň şertleri bilen aýakdaş gitmek üçin tagalla edýär we özüniň wezipe borçlarynyň gerimini giňeldýär. Soňky ýyllarda şol wezipeleriň hataryna elektron söwda hem goşuldy. Poçta bölümleri banklarda hasaby bolmadyk millionlarça adama maliýe hyzmatlaryny hödürlemäge başlady.
Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, Bütindünýä poçta güni 9-njy oktýabrda bellenilýär. 1874-nji ýylyň şol güni Şweýsariýanyň Bern şäherinde Bütindünýä Poçta Bileleşigi döredildi.
Güljahan NURLYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.