Kino dünýäsiniň iň uly sylagy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň gowşurylyşynyň nobatdakysyna eýýämden taýýarlyklar başlandy. Her ýyl bolşy ýaly, daşary ýurt dilindäki iň gowy filmleriň ilkinji sanawy golaýda mälim edildi. Her ýylyň oktýabr aýynda yglan edilýän bu sanawa şu gezek 87 film alyndy. Olaryň arasynda Kann film festiwalynyň baş baýragyny gazanan ýapon filmi “Dükan ogrulary”, Wenesiýada “Altyn ýolbarsy” alan meksikan kinosy, oskarly režissýor Alfonso Kuaronyň “Roma” filmi hem bar. Şeýle-de ozal “Başgalarynyň durmuşy” kinosy bilen Oskar gazanan germaniýaly meşhur režissýor Florian Henkel fon Donnersmarkyň täze ekran eseri “Awtorsyz iş”, italiýaly Matteo Garroneniň “Dogmen”, belgiýaly Lukas Dontuň “Gyz”, türkiýeli meşhur režissýor Nuri Bilge Jeýlanyň “Ýabany armyt agajy”, şwesiýaly Ali Abbasiniň “Araçäk”, polşaly Pawel Pawlikowskiniň “Sowuk söweş” ýaly filmleriniň atlary esasy dalaşgärleriň hatarynda agzalýar. Malawi hem-de Niger döwletleriniň filmleriniň ilkinji gezek bu sanawa goşulandygyny hem belläp geçeliň. Final sanawyndan öňürti ýanwar aýynyň başlarynda 87 filmiň 9-sy gysga sanawa saýlanar. Daşary ýurt dilindäki iň gowy film baýragynyň dalaşgärleri Oskaryň beýleki dalaşgärleri bilen 22-nji ýanwarda mälim ediler. 91-nji Oskar baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 2019-njy ýylyň 24-nji fewralynda geçiriler.