Režissýory: Damien Şazell; Keşplerde: Raýan Gosling, Kleýr Foý, Jeýson Klark, Kaýl Çandler, Koreý Stoll, Siaran Hinds, Kristofer Abbott, Patrik Fugit, Lukas Haas, Şia Wigam; Prodýuserleri: Wik Godfreý, Marti Bowen, Aýzaak Klausner, Damien Şazell; Ssenariçi: Joş Singer (Jeýms R. Hanseniň “First Man: The Life of Neil A. Armstrong” atly eseri esasynda); Kompozitory: Jastin Hurwitz; Öndüriji: “Universal Pictures”, “Amblin Entertainment”, “DreamWorks Pictures”, “Temple Hill Entertainment”, “Phantasma”; Paýlaýjy: “Universal Pictures”; Görnüşi: biografiýa, drama, taryhy; Dowamlylygy: 141 minut; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 59 million $.
Ilkinji görkezilişi Wenesiýa film festiwalynda geçirilen “Ilkinji ynsan” (First Man) filminde amerikaly kosmonawt Neil Armstrongyň Aýa aýak basyşy barada gürrüň berilýär. Ekran eserini “Sarsgyn” (Whiplash), “La La Lend” (La La Land) filmleri bilen adygan, olaryň ikinjisi bilenem Oskar baýragyny alan ýaş režissýor Damien Şazell surata düşürdi. Filmde baş keşbi Raýan Gosling janlandyrdy. Kinoda ondan başga-da Kleýr Foý, Jeýson Klark, Kaýl Çandler, Koreý Stoll ýaly artistler dürli keşplerde çykyş etdi. Ssenarisini Jeýms R. Hanseniň “Ilkinji ynsan: Neil A. Armstrongyň durmuşy” atly eseri esasynda Joş Singer ýazdy. 59 million dollar býujetli kino Atlanta şäherinde surata alyndy. Filmde Neil Armstrongyň Aýa uçmazdan öňürti ýokary derejede okuw türgenleşigini geçişi, ondan soňra Aýa ilkinji aýak basyşy barada giňişleýin söhbet açylýar.