Tür­ki­ýä­niň dün­ýä bel­li fo­toha­bar­çy­sy Ara Gü­ler 90 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. 1928-nji ýylyň 16-njy aw­gus­tyn­da Stam­bul­da dün­ýä inen Ara Gü­ler 1950-nji ýyl­da “Ýe­ni Is­tan­bul” ga­ze­tin­de işe baş­la­ýar. Stam­bul uni­wer­si­te­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýet fa­kul­te­ti­ni ta­mam­lan Gü­ler “Ti­me-Li­fe”, “Pa­ris-Match” hem-de “Der Stern” žur­nal­la­ry­nyň Ýa­kyn Gün­do­gar­da­ky fo­toha­bar­çy­sy bol­ýar. 1953-nji ýyl­da Hen­ri Kar­ti­er Bres­son bi­len tan­şyp, dün­ýä bel­li “Mag­num” su­rat gul­lu­gy­na ag­za bol­ýar. “Pho­tog­rap­hy An­nu­al” ta­ra­pyn­dan dün­ýä­dä­ki iň ök­de 7 su­rat­çy­nyň bi­ri diý­lip gör­ke­zil­ýän Ara Gü­ler 1962-nji ýyl­da şu wag­ta çen­li san­ly­ja ada­ma ber­len “Mas­ter of Leica” baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­ýär. Dü­şü­ren su­rat­la­ry bir­nä­çe ne­şir­de çap­dan çy­kan Ara Gü­ler Pab­lo Pi­kas­so, Wins­ton Çer­çil, In­di­ra Gan­di, Jon Ber­ger, Bert­rand Ras­sel, Bill Brandt, Alf­red Hitç­kok, Sal­wa­dor Da­li, An­sel Adams, Imo­jen Kan­nin­gam ýa­ly bel­li şah­sy­ýet­ler bi­len “Mag­num” üçin ýörite fo­tore­por­taž­lar taý­ýar­la­ýar. Aý­ra­ty­nam, Stam­bul su­rat­la­ry bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Ara Gü­le­riň şah­sy ar­hi­win­de 2 mil­li­on­dan hem köp fo­to­su­ra­ty bar. Go­laý­da mu­ze­ýi açy­lan Gü­ler bir­nä­çe ýer­li we hal­ka­ra baý­ra­klaryň eýe­si­dir.