Şwe­si­ýa­ly dün­ýä bel­li aý­dym­çy Za­ra Lars­so­nyň “Ru­in My Li­fe” at­ly tä­ze “sing­le” aý­dy­my peý­da bol­dy. “Epic Records” şe­re­ke­ti­niň he­ma­ýat­kär­li­gin­de aý­dym-saz muş­dak­la­ry­nyň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­len bu aý­dym eý­ýäm­den köp­le­riň uly söý­gü­si­ni ga­zan­dy. Bu aý­dym 20 ýaş­ly owa­dan aý­dym­çy­nyň 2017-nji ýyl­dan bä­ri halk köp­çü­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ren il­kin­ji ese­ri­dir. Ga­ly­ber­se-de, “Ru­in My Li­fe” at­ly aý­dym aý­dym­çy­nyň 2019-njy ýyl­da çy­kar­jak tä­ze al­bo­myn­da-da bo­lar. “Lush Li­fe”, “Ain’t My Fault”, “Never For­get You” ýa­ly aý­dym­lar bi­len tu­tuş dün­ýä­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan Za­ra Lars­son 2016-njy ýyl­da MTV Ýew­ro­pa aý­dym-saz baý­rak­la­ryn­da iň go­wy ösüş gör­ke­zen aý­dym­çy baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy.