Meşhur aýdymçy Şakira özüniň täze konsert turuna badalga berdi. Kolumbiýaly aýdymçy “El Dorado” atly täze konsert programmasynyň çäklerindäki ilkinji çykyşyny Braziliýanyň Sao Paulo şäherinde ýerine ýetirdi. 41 ýaşly aýdymçy bu konsertde tomaşaçylardan uly alkyş aldy. Konsertden soňam öz muşdaklary bilen ýadygärlik surata düşen Şakiranyň indiki duralgasy ýurduň başga bir şäheri Porto Alegre bolar. Argentina, Çili, Ekwador hem-de Kolumbiýa ýaly döwletlerden soň, dünýä belli aýdymçy özüniň ilhalar aýdymlaryny ýewropaly muşdaklary üçin ýerine ýetirer. Tomsa çenli dowam etjek konsert tury geljek ýylyň iýunynda Germaniýanyň Gamburg şäherinde tamamlanar.