“Suwuň şekili” (The Shape of Water) filmi bilen Oskar baýragyny gazanan meksikaly režissýor Gillermo del Toro “Buratino” (Pinocchio) atly animasiýa filmini surata düşürer. “Netflix”-iň garamagyndaky bu animasiýa “stop-motion” usulynda ekranlaşdyrylyp, ol sazly görnüşde bolar. Bu režissýoryň ilkinji uzyn metražly animasiýasy bolup, ol filmiň ssenarisini hem ýazar. Multfilmiň önümçiligine öňümizdäki aýlarda başlanar. Bu ekran eserinde 1930-njy ýyllaryň Italiýasy barada gürrüň berler. Animasiýanyň 2020-nji ýylda ekranlara çykmagyna garaşylýar.