Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda ylmyň gazananlaryna esaslanýan ägirt uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiziň täze belentliklere ýetmeginde ylma aýratyn orun degişlidir. Ylym ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýmak, ony dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak işine, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda ylym-bilim ulgamyny, şol sanda akademik, ýokary, hünärment-tehniki we orta okuw mekdeplerini düýpli özgertmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmek babatda gazanylan üstünlikler barada aýdyldy. Hususan-da, 2016-njy ýylyň bäş aýynda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 213-siniň taýýarlanandygy we çapa iberilendigi, şolardan 76-synyň neşir edilendigi bellenildi. Zehinli türkmen okuwçylary we talyplary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, degişlilikde 51 medal, şol sanda 14 altyn, 14 kümüş we 23 bürünç medal gazandylar. Internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, mekdep okuwçylarymyz 176 medala, ýokary okuw mekdeplerimiziň talyplary 146 medala mynasyp boldular.
Ýurdumyzda bitewi ylmy-tehniki syýasatyň alnyp barylmagyny üpjün etmek, ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamasyny hemmetaraplaýyn işläp düzmek hem-de yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakynda” taryhy Permana gol çekdi. Şu Permana laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň edaralar ulgamy kämilleşdirildi. Hut şol günden bäri döwletimizde halkara ylmy-maglumatlar alyşmalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde birnäçe ylmy-barlag institutlary işleýär. Olar fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehnika, lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlarynyň möhüm ugurlary boýunça, şeýle hem gumanitar ulgamda uly işleri alyp barýarlar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýokary okuw mekdepleriniň we dürli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ylmy-barlag institutlarynyň ylmy-barlag işi boýunça utgaşdyryjy bolup durýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly, ylmyň dürli ugurlary boýunça kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalarynyň goralmagy ylmy ösdürmek ugrunda edilýän aladalaryň netijesidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda, pudaklaýyn ylmy edaralarda, ylmy önümçilik we ylmy-tehniki merkezlerde, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işleri yzygiderli geçirilýär. Döwrebap temalar boýunça ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory alymlyk derejelerini almak üçin geçirilýän ylmy-barlag işleri aspiranturalarda, şeýle-de alymlyk derejesine dalaşgärleri ylmy edaralarda hasaba almak arkaly ýerine ýetirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, bäsleşige ukyply, material we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek maksady bilen 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz “Tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Tehnologiýalar merkezini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna bermeli diýip Permanda bellenilendir. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde aspiranturanyň açylmagy, aspirantura we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejelerine dalaşgärlige kabul etmek üçin jemi 46 hünär boýunça bäsleşigiň yglan edilmegi ýurdumyzda ylmyň barha ösýändigine anyk mysaldyr.
2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de ýokary tehnologiýalaryň ornuny kesgitlemek, şeýle hem ylmy ösdürmek, onuň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze tehnologiýalar merkeziniň öňünde goýlan wajyp wezipeleri çözmek bilen baglylykda “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle kanunyň hem ýurdumyzda ilkinji sapar kabul edilýändigi aýratyn bellärliklidir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede bolup geçen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmegiň öňde durýan meseleleri barada täze teklipleri orta atdy hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Goý, ýurdumyzda ylym-bilim pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Aşyrgeldi Jumaýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň dosenti, ýuridik ylymlaryň kandidaty.