Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsançlary, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dünýäniň dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, XXI asyrda – türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary belentliklerine ýetdi” diýen parasatly sözleri türkmen halk döredijiliginiň esasy ugry bolan lälelere hem degişlidir.
Läle—ata-baba gelýän türkmen sözi bolup, ol “gül’, “gül-gülälekli meýdan” diýmegi aňladýar. Gelin-gyzlaryň çeper döredijiligine “läle” diýip at berilmegi türkmen jemgyýetinde, şeýle-de şahyrana döredijilikde al-elwan güller bilen gelin-gyzlary bir-birinden aýryp bolmajak gözellik düşünjesi bolup durýanlygyndandyr.
Gelin-gyzlaryň ýürek telwaslarynyň, köňül arzuwlarynyň beýany bolan läleler özboluşlylygy we milli owaza ýugrulanlygy bilen aýratyn häsiýete eýedir. Islendik ýerde eşitseň-de, onuň türkmen heňi bolup ýaňlanýandygyny onuň:
Läle-läle,läle jan-a,
Aýdyň, gyzlar, läle jan-a
– diýen setirleri aýdyň beýan edýär.
Läleler özüniň ýerine ýetiriliş aýratynlygy boýunça “Dodak lälesi”, “Bokurdak” —“Damak lälesi”, “Aýjoram lälesi”, “Hymmyl lälesi”, “Eňek lälesi”, “Egin lälesi” ýaly görnüşlere bölünipdir.
Läleler düzüliş görnüşi taýyndan hüwdüler, monjugatdylar ýaly rubagy düzüliş formasyna ýakyndyr. Bu meňzeşlik pikiriň bir bentde gutarnykly aýdylmaýanlygy, beýleki bentler bilen many-mazmun yzygiderliligi taýdan baglanyşmaýanlygy, birinji ikinji we dördünji setirleriň rifmalaşyp, üçünji setiriň aýdyljak bolunýan pikire özboluşly güýç beriş hyzmatyny ýerine ýetirýänligi ýaly ýagdaýlarda ýüze çykýar.
Läleler asyrlaryň dowamynda ähli wagtlarda hem ýerine ýetirilipdir. Ýöne ol türkmen sährasyna bereket-bossany bilen joşup-joşup bahar gelende aýdylanda bolsa, has-da gözel keşbe eýe bolýar. Çünki, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, läle – bahar güli bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin-de läleleriň owazy — gülleriň owazy, nurana kalplaryň owazydyr.
Depä çykasym gelýär,
Desse bogasym gelýär.
Desse boýly jan jora,
Seni göresim gelýär.
Gadymy döwürlerde türkmen gelin-gyzlarynyň läleleri ýerine ýetirişi hem aýratyn häsiýete eýe bolupdyr. Olar läläni erkek adamlardan uzagrara çekilip aýdypdyrlar. Munuň düýp özeni halkymyzyň milli gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr. Haçan-da, topar-topar gyzlar ak sähralara çykyp läle kakanlarynda, olaryň şirin owazy bütin töweregi gurşap alypdyr. Olar läleleriň üsti bilen ýürekde besleýän arzuwlaryny beýan edip, oňa ýetmegi isläpdirler. Elbetde, läleler gadymy döwrüň durmuş ýagdaýy bilen baglydyr.
Läleler türkmen halk döredijiliginiň hemişe ösýän, hereketde žanry hasap edilýär. Çünki läleler her bir döwre görä, öz üstüni ýetirip, öz çygryny giňeltmek häsiýetine eýedir. Bu ýagdaýy çeşme-çaýlaryň gol ýaýradyp, täze suwluklary döredişi ýa-da daragtlardan nahallaryň döräp, boý alyp, täze daragtyň döreýşine meňzetmek mümkin. Ýurdumyz milli Garaşsyzlygyna eýe bolup, täze döwrüň, täze eýýamyň başlanmagy netijesinde dörän läleler bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr.Başlalyň-a, başlalyň,
Küşt depmäge başlalyň,
Garaşsyzlyk toýunda,
Göwnümizi hoşlalyň!
Ýaraşsyn-a, ýaraşsyn,
Golda dutar ýaraşsyn,
Wasp edeliň bagtymyz,
Gözel Diýar Garaşsyz!
Läleler häzirki döwürde iň işjeň ulanylýan görnüşdir. Läleler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda il agzybirliginde bellenilýän her bir toýuň bezegi, nurana owazy bolup ýaňlanýar. Haçan-da, ony egni milli lybasly, gül ýakasy şaňňyrdyly, keşdeli gyzlar ýaýlymly-ýaýrawly ak öýlerde topar-topar bolup, ýerine ýetirenlerinde, oňa köňüller maýyl bolup, kalplarda iň näzik duýgular emele gelýär. Ol şirin owazlarda halkymyzyň ene topraga, ata Watana, mähriban Arkadagymyza synmaz söýgüsi, ajaýyp döwrümize bolan beýik buýsanjy bar.
Munuň hut şeýledigine biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döründe tutulýan goşa-goşadan gelýän toýlarymyzda gyz-gelinlerimiziň aýdym-tanslaryny, küştdepdilerini uly höwes bilen synlaýan ildeşlerimiziň, myhmanlarymyzyň nurana keşplerinde görýäris.
Halk döredijilik mirasy – gözli çeşme. Bu çeşmäni öwrenmek, ösdürmek häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedir.
Maral NURYÝEWA,
Mary şäherindäki 24-nji zehinli
ýaşlar mekdebiniň mugallymy.