Ki­no dün­ýä­si­niň iň uly sy­la­gy bo­lan Os­kar baý­rak­la­ry­nyň ani­ma­si­ýa ug­ru­nyň uzyn sa­na­wy mä­lim edil­di. Şol sa­na­wa Gol­li­wu­dyň, Ýew­ro­pa­ ýurtlarynyň animasiýalary hem-de ýa­pon­la­ryň  ani­me­le­ri alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da mult­fil­miň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy “Pixar”-yň “Tä­sin maş­ga­la – 2” (Incre­dib­les 2), “Aard­man” şe­re­ke­ti­niň “Il­ki dur­muş adam­y” (Ear­ly Man), köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan “Tran­sil­wa­ni­ýa myh­man­ha­na­sy – 3” (Ho­tel Tran­sylvania 3: Sum­mer Vacation) ani­ma­si­ýa­la­ry­nyň 3-nji­si, meş­hur re­žiss­ýor Wes An­der­so­nyň stop-mo­ti­on teh­ni­ka­sy bi­len su­ra­ta dü­şü­ren “It­ler ada­sy” (Is­le of Dogs), “Dis­ney”-iň önü­mi “Ralf in­ter­ne­ti döw­ýär” (Ralph breaks In­ter­net), “Ana we Bru­no” (Ana and Bru­no) ýa­ly ek­ran eser­le­ri bar. Şeý­le-de ýa­pon­la­ryň dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýan ani­me­le­rin­den “Mi­raý” (Mi­rai),  “Ma­ki­ýa”: Ha­çan wa­da edi­len gül­ler açylan­da” (Maquia: When the Pro­mi­sed Flo­wer Blooms), “Liz we ma­wy guş­ja­gaz” (Liz and the Blue Bird), “Äle­miň ka­nun­la­ry – 1-nji bö­lüm” (The Laws of the Univer­se – Part I), “Fe­ýer­werk­ler” (Fi­re­works) ýa­ly köp­le­riň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan­ ani­me­ler sa­na­wa alyn­dy. Ýo­kar­da ady ag­za­lan mult­film­ler bi­len bir ha­tar­da, je­mi 25 ani­ma­si­ýa Os­ka­ra da­laş­gär gör­ke­zil­di. Fi­nal sa­na­wy­na ola­ryň 5-si al­nyp, ol Os­ka­ryň beý­le­ki da­laş­gär­le­ri bi­len bi­le­lik­de, gel­jek ýy­lyň 22-nji ýan­wa­ryn­da mä­lim edi­ler. 91-nji Os­kar baý­rak­la­ry­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy-da 25-nji few­ral­da Los An­je­les­de ge­çi­ri­ler.