Režissýory: Wijaý Krişna Açarýa; Keşplerde: Amitabh Baççan, Aamir Han, Katrina Kaif, Fatima Sana Şaih, Lloýd Owen, Mohammed Zişan Aýýub, Ronit Roý, Satýadew Kançarana; Prodýuseri: Aditýa Çopra; Ssenariçi: Wijaý Krişna Açarýa; Kompozitory: Jon Stýuwart Eduri: Aýdymlary: Ajaý-Atul; Öndüriji: “Yash Raj Films”; Paýlaýjy: “Yash Raj Films”; Dowamlylygy: 164 minut; Görnüşi: uruşly başdan geçirme, dessan; Ýurdy: Hindistan; Dili: hindiçe; Býujeti: 42 million $.
“Dhoom 3” filmi bilen adygan Wijaý Krişna Açarýanyň surata düşüren täze filminde Bolliwudyň dünýä belli ýyldyzlary dürli keşpleri ýerine ýetirýär. “Hindostanyň läheňleri” atly bu uruşly başdan geçirmede hindi kino sungatynyň ägirtlerinden Amitabh Baççan, şol sanda Aamir Han, owadan aktrisalar Katrina Kaif bilen Fatima Sana Şaih dagy filmiň baş keşplerinde çykyş edýär. Filip Midows Teýloryň “Confessions of a Thug” atly eserine salgylanyp, ssenarisi režissýoryň özi tarapyndan ýazylan filmiň býujeti 42 million dollara deňdir. Bu bolsa häzirlikçe Bolliwudyň iň ýokary býujetli kinosy diýmekdir. Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan kinosy ýurduň iň iri kinostudiýalarynyň biri bolan “Yash Raj Films”-iň garamagynda taýýarlandy. Aditýa Çopranyň prodýuserligindäki film Malta, Tailand hem-de Hindistanyň özünde surata düşürildi.