Ýokary woltly elektrik simlerinde hatarlanyşyp oturan guşlary gören bolsaňyz gerek. Eýsem, olary tok urmaýarmyka?! Elektrik energiýasy elektronlaryň “goňşy” atomlara urup, olary yrgyldatmagy netijesinde akdyrylýar. Bir generatordan, kabeliň içindäki iki simiň birinden akýan akym lampa ýanandan soňra, beýleki “boş” simden yzyna gaýdýar. Elektrik togy “garşylygy halamaýar”. Yzyna gelmek üçin hemişe iň gysga ýoly saýlaýar. Suwuň içinde durkaňyz tokly simi elleseňiz, akym iň aňsat ýol bolan bedene girýär. Ol ýerden bolsa, geçiriji häsiýeti ýokary bolan suwa geçip, ondan topraga akýar.
Guşlaryň gonýan simleriniň topraga birigýän ýeri ýok. Olar elektrik togunyň yzyna dolanmagy üçin gysga ýoly emele getirmeýärler. Elektrik energiýasy olaryň bedenine geçmän, has az garşylyk görkezýän olaryň iki aýagynyň arasyndaky simden geçip gidýär. Şol sebäpli erkana uçup ýören guşlar günüň islendik wagtynda simleriň üstüne gonup bilýär. Başga söz bilen aýdylanda, guşlar diňe bir sime gonýarlar (“-” ýa-da “+”). Eger olar her aýagyny bir sime degirseler olary bada-bat tok urardy. Sebäbi şeýle ýagdaýda onuň üstünden elektrik akymy geçýär.