Iň uly deňiz – Merjen deňzi. Meýdany 4 million 791 müň km2-e golaý bolan deňiz, Awstraliýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.
Iň uly umman – Ýuwaş ummany. 178,62 million km2 meýdany bilen Ýer togalagyndaky ähli gury ýer böleklerinden hem uludyr.
Iň uly süýji suwly köl – Superior köli bolup, eýeleýän meýdany boýunça (82414 km2) birinji ýerde durýar.
Iň çuň köl – Baýkal. Çuňlugy 1642 metre barabar bolan kölde dünýäniň süýji suwunyň uly bölegi saklanýar – 23615 km3.
Dünýäniň iň uly şaglawugy – giňligi we suw mukdary babatda birinji ýerde durýan Iguazu şaglawugy Argentina bilen Braziliýanyň araçäginde ýerleşýär.
Dünýäniň iň beýikden akýan şaglawugy – Anhel 979 metr belentlikden guýup, onuň suwunyň köp bölegi ýere ýetmän bugarýar.
Dünýäniň iň uzyn derýasy – Niliň uzynlygy 6853 km.
Iň köp suwly derýa Amazonka bolup, onuň hanasyndan sekuntda ortaça 209 000 m3 töweregi suw akýar.
Iň pes çöketlik – Ýuwaş ummanyndaky Mariana Ýer togalagynyň iň çuň ýeridir. Mariana adalarynyň gündogaryndaky çöketligiň çuňlugy 11 000 metr töweregidir.
Iň az ilatly materik – Antarktikanyň tebigy şertleri oturymly ýaşaýyş üçin amatly däldir. Muňa garamazdan, hemişe diýen ýaly ol ýerde ylmy barlaglary geçirýän 1000 töweregi adam bar.
Iň uly ada – Grenlandiýanyň meýdany 2 166 086 km2.
Iň uly ýurt – Russiýanyň meýdany 17 million km2 -den gowrak bolup, onuň tutýan meýdany Antarktika, Ýewropa we Awstraliýa materiklerinden hem uludyr.
Iň uzyn kenarly ýurt – Kanadanyň kenarýakalarynyň umumy uzynlygy 202 080 km bolup, bu möçber Ýeriň daşyndan 5 gezek aýlanmaga deňeçerdir.
Iň kiçi ada ýurdy – Ýuwaş ummanyndaky Naurunyň meýdany 21 km2 töweregidir.