Soň­ky ýyl­lar­da tu­tuş dün­ýä­de Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “K-Pop” (ko­reý pop aý­dym-saz­la­ry) uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. “K-Pop” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu aý­dym-saz to­pa­ry ýur­duň di­ňe bir me­de­ni­ýet-sun­gat ul­ga­my­na go­şant goş­man eý­sem, yk­dy­sa­dy­ýet, sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da-da öňe saý­lan­ýar. 2013-nji ýyl­da dö­re­di­len meş­hur “K-Pop” to­par BTS, has do­ly ady “Bang­tan Bo­ys” Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Di­ňe şol to­par üçin Ko­re­ýa bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn ar­typ, ol hä­zir­ki wagt­da ýyl­lyk 800 müň­den geç­ýär. “Hy­un­dai Re­se­arch” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, BTS to­pa­ry ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ýyl­da 3,6 mil­liard dol­lar­lyk gir­de­ji ga­zan­dyr­ýar. 2017-nji ýyl­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa ge­len her 13 ja­han­keş­dä­niň bi­ri ýaş­lar­dan dü­zü­len (7 og­lan) bu to­par üçin ýur­da ba­ryp­dyr. Ge­çen to­mus­da “Bill­board 100”-iň sanawynda iň öň­dä­ki or­ny eýe­län BTS to­pa­ry­nyň şöh­ra­ty gün­sa­ýyn ja­ha­na dol­ýar. “Ins­tag­ram­da” 14 mil­li­on­dan köp muş­da­gy bo­lan BTS to­pa­ry­nyň öňü­miz­dä­ki 10 ýyl­da 37 mil­liard dol­lar­lyk yk­dy­sa­dy go­şant goş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.