Şu günler Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen ÝB-niň dürli düzümleriniň uly wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirilýär.

Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň Ýew­ro­pa ug­ru­na yg­rar­ly­ly­gy bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly kuw­wa­ty­nyň gat­naş­ýan ta­rap­la­ryň äh­li­si­niň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän giň möç­ber­li hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýyl türk­men-ýew­ro­pa gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­giň tä­ze tap­gy­ry­na ga­ra­şyl­ýar. Hu­su­san-da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li­ýe­ti­ni aç­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem-de yk­ly­myň esa­sy iki se­bi­ti­niň – ÝB-niň we Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň bin­ýa­dyn­da däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Şeý­le­lik­de, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça do­lan­dy­ry­jy di­rek­to­ry Bru­no Bal­wa­ne­ra­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­ny we hu­su­sy bö­le­gi­ni ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di. Bu ul­gam hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň yzy­gi­der­li ün­si we baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de, kuw­wat­ly ösü­şe eýe bol­dy.
Ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Ban­ky­nyň ara­syn­da bi­le­lik­dä­ki işiň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak bi­len, dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açan Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa ka­bul edi­len­den soň, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riniň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne üns ber­di­ler.
Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan (TOPH) we Ha­za­rüs­ti gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­lar ba­ra­da iş­jeň pi­kir alyş­ma­lar bol­dy, bu tas­la­ma­lar äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer.Şeý­le hem Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça 2019–2024-nji ýyl­lar üçin stra­te­gi­ýa­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Pe­ter Bu­ria­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ÝB-niň we­ki­li­ýe­ti bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň bar­şyn­da myh­man­lar iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ýur­du­my­zyň ägirt uly kuw­wa­ta eýe­di­gi­ni bel­läp, dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baş­lan­gy­jy bi­len, Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň bi­le­lik­dä­ki ne­ti­je­li işi üçin ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze­çe çe­me­leş­ýän­di­gi­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da Pe­ter Bu­ria­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we­ki­li­ýe­ti bi­len Mej­lis­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şol du­şu­şyk­da Türk­me­nis­tan – ÝB gat­na­şyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­de par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň gel­je­gi ba­ra­da gür­rüň edil­di. Türk­men par­la­men­ta­ri­le­ri­niň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň tä­ze stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gat­naş­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy nyg­tal­dy, da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň par­la­ment­le­ri bi­len “Dost­luk” to­par­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da mej­lis­de bar bo­lan tej­ri­bä­niň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di.
* * *
Bu­ha­rest şä­he­rin­de Kot­ro­çe­ni Köş­gün­de Ru­my­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Klaus Wer­ner Ýo­han­nis Türk­me­nis­ta­nyň Ru­my­ni­ýa­da­ky il­çi­si A. An­na­ýew­den ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne esa­sy ag­za ýurt­la­ry­ň bi­ri­niň Baş­tu­ta­ny türk­men dip­lo­ma­ty­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýe­ti­ren sa­la­my­ny hem-de iň go­wy ar­zu­wlary­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ÝB – Türk­me­nis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­de iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iler­let­mä­ge we ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni be­ýan et­di.
* * *
2019-njy ýy­lyň 28-nji ýan­wa­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Ru­my­ni­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan 2019-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Ru­my­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­ne baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nyp bri­fing ge­çi­ril­di.
Ru­my­ni­ýa­nyň il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bri­fin­ge Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen da­şa­ry ýurt il­çi­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýer­li hem-de ýur­du­myz­da akk­re­di­tir­le­nen da­şa­ry ýurt ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Bri­fing­de Ru­my­ni­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si So­rin Wa­si­le Mol­do­wan çy­kyş et­di. Il­çi öz çy­ky­şyn­da 2019-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Ru­my­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şin­de baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de me­ýil­leş­di­ril­ýän iş­ler we ola­ryň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di.
Il­çi çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Ru­my­ni­ýa­nyň baş­lyklyk ed­ýän döw­rün­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da hem ta­gal­la edil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Il­çi­niň nyg­taý­şy ýa­ly, baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de Bu­ha­rest­de Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mas­la­ha­tyň gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ÝB bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, bi­lim we kom­mu­ni­ka­si­ýa ýa­ly ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns be­ril­jek­di­gi­ bel­le­nil­di.
Ru­my­ni­ýa­nyň baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de Brýus­sel­de, Lýuk­sem­bur­gda hem-de Stras­burg­da köp san­ly dür­li de­re­je­ler­de ýyg­nak­lar ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň 40 mas­la­ha­ty hem-de 1700 teh­ni­ki de­re­je­dä­ki ýyg­nak­la­ry Brýus­sel­de bo­lar. Ru­my­ni­ýa bol­sa, öz ge­ze­gin­de Si­biu şä­he­rin­de uly sam­mi­ti gur­ar, şeý­le hem 288 sa­ny dür­li de­re­je­dä­ki mas­la­hat­la­ryň gu­ra­ma­çy­ly­gyny alyp ba­rar. Mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki 22 res­mi däl du­şu­şy­gy, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki we­kil­le­riň 98 ýyg­na­gy, bi­ler­men­ler de­re­je­sin­dä­ki 68 ýyg­na­gy hem-de dür­li de­re­je­dä­ki 98 mas­la­ha­ty Bu­ha­rest şä­he­rin­de gur­a­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da no­bat­ma-no­bat ama­la aşy­ryl­ýar. Ru­my­ni­ýa bu we­zi­pä­ni il­kin­ji ge­zek öz üs­tü­ne al­ýar. 2019-njy ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da baş­lyk­lyk et­mek ge­ze­gi Finl­ýan­di­ýa ge­çer.