Ýyl­sa­ýyn meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­ýan “iHeart­Ra­dio” aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Los An­je­les­dä­ki “Micro­soft” te­at­ryn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da Zedd, Ma­ren Mor­ris hem-de Gre­ýiň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän “The Midd­le” at­ly aý­dy­my iň go­wy aý­dym diý­lip saý­lan­dy. Ýy­lyň tans aý­dy­my diý­len ugur­da-da “iHeart­Ra­dio” baý­ra­gy­ny ga­za­nan bu aý­dym Dreý­kiň, Ed Şi­ra­nyň, Ma­ro­on 5-iň hem-de Post Ma­lou­nyň soň­ky aý­dym­la­ryn­dan ta­pa­wut­lan­dy. Ýy­lyň er­kek aý­dym­çy­sy baý­ra­gy­na Dreýk my­na­syp bol­dy. Ýy­lyň ze­nan aý­dym­çy­sy diý­len ugur­da-da Aria­na Gran­de kär­deş­le­ri Ka­mi­la Ka­bel­lo­dan, Car­di B-den, Dua Li­pa­dan hem-de Hal­seý­den öňe saý­lan­dy. Ýaş aý­dym­çy Gran­de mun­dan baş­ga-da, ýy­lyň sun­gat iş­gä­ri hem-de “Swee­te­ner” at­ly al­bo­my üçi­nem ýy­lyň iň go­wy pop al­bo­my baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. Meş­hur ze­nan aý­dym­çy Teý­lor Swift özü­niň tä­ze şe­kil­li aý­dy­my “De­licate” üçin iň go­wy aý­dym-saz wi­deo­sy baý­ra­gy­na hem-de iň go­wy tur aý­dym­çy­sy sy­la­gy­na la­ýyk gö­rül­di. R&B aý­dym­çy­sy El­la Mai hem edil Aria­na Gran­de ýa­ly da­ba­ra­dan 3 baý­rak bi­len do­lan­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da go­laý­da Os­ka­ra-da my­na­syp bo­lan Leý­di Ga­ga, Ka­mi­la Ka­bel­lo, Dreýk, Marsh­mel­lo, Car­di B, Be­ba Rek­şa, “5 Seconds of Sum­mer”, Bru­no Mars, “Ima­gi­ne Dra­gons” ýa­ly aý­dym­çy­dyr to­par­lar hem dür­li ugur­da “iHeart­Ra­dio” baý­ra­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. “iHeart­Ra­dio” aý­dym-saz baý­rak­la­ry 2014-nji ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýär. Ýyl­sa­ýyn ab­ra­ýy art­ýan bu baý­rak­la­r “iHeart­Ra­dio” ra­dio ýaý­ly­my­nyň ga­ra­ma­gyn­da gow­şu­ryl­ýar.