Hindi kino dünýäsiniň iň abraýly sylaglaryndan bolan “Filmfare” baýraklarynyň 64-nji gowşurylyş dabarasy Mumbaý şäherinde geçirildi. Şahruh Han, Rajkumar Rao hem-de Wiki Kauşalyň bilelikde alyp baran dabarasyna hindi kino sungatynyň ýyldyzlary, artistleri, režissýorlary gatnaşdylar. Dabarada iň gowy film baýragyna “Jansyz zenan” (Raazi) kinosy laýyk görüldi. “Dharma Productions” kompaniýasynyň önümi bolan bu ekran eseri “Padmawati” (Padmaavat), “Sanju” (Sanju), “Zenan” (Stree), “Jadylaýjy saz” (Andhadhun), “Ýaşy uzyn bolsun!” (Badhaai Ho) ýaly ýylyň şowly çykan filmlerinden öňe saýlandy. Kinony surata düşüren Megna Gulzar bolsa, iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy. Filmde baş keşbi janlandyran owadan aktrisa Alia Batt iň gowy aktrisa baýragyna mynasyp boldy. Bolliwudyň gopgunly, meşhur artistlerinden Sanjaý Duttuň durmuşy barada söhbet açýan “Sanju” filminiň ýyldyzy Ranbir Kapur iň gowy aktýor diýlip saýlandy. Bu filmde surata düşen Wiki Kauşal bilen “Ýaşy uzyn bolsun!” kinosynyň artisti Gajrao Rao ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyny paýlaşdylar. “Ýaşy uzyn bolsun!” kinosyndaky keşbi üçin weteran artist Surekha Sikri ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyny eýeledi. “Padmawati” filminiň sazlaryny ýazan Sanjaý Lila Bhansali iň gowy saz, “Jansyz zenan” filminde Gulzaryň ýerine ýetiren “Ae watan” aýdymy bolsa, iň gowy aýdym diýlip saýlandy. Iň gowy pleýbek (erkek) baýragy Arjit Sinhe (“Ae watan” – “Razy” filmi), iň gowy pleýbek (zenan) baýragy-da Şreýa Ghoşala (Ghoomar” – “Padmawati” filmi) gowşuryldy. Şeýle-de çärede başga-da birnäçe ugurlar boýunça “Filmfare” heýkeljikleri öz mynasyplaryna berildi.
Dabaranyň dowamynda geçen ýyl aradan çykan meşhur aktrisa Sridewi kino sungatyna goşan goşandy üçin “Lifetime Achievement”, meşhur aktrisa Hema Malini kino sungatynda 50-nji ýylyny tamamlandygy üçin ýörite baýrak bilen sylaglandy.