“Netf­lix” mul­ti­me­dia plat­for­ma­syn­da Ýer şa­ry­nyň gö­zel te­bi­ga­ty­ny, jan­ly-jan­da­ry­ny, te­bi­gy aja­ýyp­lyk­la­ry­ny gör­kez­ýän tä­ze do­ku­men­tal fil­m gör­ke­zi­lip baş­lan­dy. Owa­dan kadr­la­ra baý bo­lan we iň ýo­ka­ry teh­no­lo­gik en­jam­lar bi­len ek­ran­laş­dy­ry­lan do­ku­men­tal film “Bi­ziň pla­ne­ta­myz” (Our Pla­net) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. 5-nji ap­rel­den baş­lap, gör­ke­zi­lip ug­ran we 8 bö­lüm­den yba­rat bo­lan bu tä­ze ek­ran ese­ri­ne köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan BBC-niň “Pla­net Earth” hem-de “Blue Pla­net” do­ku­men­tal film­le­ri­ni su­ra­ta dü­şü­ren Alas­ta­ir Fo­zer­gill re­žiss­ýor­lyk et­di. “Silver­back Films” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň bü­tin­dün­ýä gaz­na­sy­nyň (WWF) bi­le­lik­de he­ma­ýat et­me­gin­de taý­ýar­la­nan do­ku­men­tal fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri 50 ýurt­da al­nyp ba­ryl­dy. Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şan ek­ran ese­ri­niň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri, umu­my­lyk­da fil­miň önüm­çi­li­gi 4 ýyl­da ta­mam­lan­dy. Bu ek­ran ese­ri­ne meş­hur prod­ýu­ser, ýa­ba­ny te­bi­ga­ta de­giş­li on­lar­ça do­ku­men­tal fil­mi taý­ýar­lan, te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji, ta­ny­mal alyp­ba­ry­jy Ser De­wid At­ten­bo­ro ses ber­di.