Ady: “Aven­gers: End­ga­me”; Re­žiss­ýor­la­ry: En­to­ni bi­len Jou Rus­so­lar; Keşp­ler­de: Ro­bert Daw­ni Jr., Kris Ewans, Mark Ruf­fa­lo, Kris Hems­wort, Skar­lett Ýo­hans­son, Je­re­mi Ren­ner, Don Çidl, Pol Rudd, Bri Lar­son, Ka­ren Gil­lan, Da­nai Gu­ri­ra, Bred­li Ku­per, Joş Bro­lin; Prod­ýu­se­ri: Ke­win Faý­gi; Sse­na­ri­çi­le­ri: Kris­to­fer Mar­kus, Ste­fen Mak­Fi­li; Kom­po­zi­to­ry: Alan Sil­west­ri; Ön­dü­ri­ji: “Marvel Stu­di­os”; Paý­laý­jy: “Walt Dis­ney Stu­di­os Mo­ti­on Pictu­res”; Do­wam­ly­ly­gy: 181 mi­nut; Gör­nü­şi: uruş­ly, baş­dan ge­çir­me, “su­per­he­ro”; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe.

“Marvel”-iň ko­miks­le­rin­dä­ki äh­li hy­ýa­ly, has ýör­gün­li ady su­per gah­ry­man­la­ry özün­de jem­le­ýän “Ar aly­jy­lar” (The Aven­gers) fil­mi­niň soň­ky ki­no­sy 26-njy ap­rel­den baş­lap tu­tuş dün­ýä­de ki­nop­ro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar. Şol gah­ry­man­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­da­ky ki­no­la­ryn­dan da­şa­ry ola­ry bir fil­me jem­le­ýän “Ar aly­jy­lar” film­le­ri­niň il­kin­ji­si 2012-nji ýyl­da pro­ka­ta çy­kyp, ol 1,5 mil­liard dol­lar­da­nam gow­rak gir­de­ji ga­zan­dy. 2015-nji ýyl­da­ky 2-nji ki­no “Ar aly­jy­lar: ult­ron döw­ri” (Aven­gers: Age of Ult­ron) 1,4 mil­liard dol­lar ýyg­na­dy. Ge­çen ýyl to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­len “Ar aly­jy­lar: mü­di­mi­lik ur­şy” (Aven­gers: In­fi­ni­ty War) fil­miniň-de pro­kat­lar­dan ga­za­na­ny 2 mil­liard dol­lar­dan ge­ç­di. Do­gan­lar En­to­ni bi­len Jou Rus­so­la­ryň ek­ran­laş­dy­ran tä­ze ki­no­sy “Ar aly­jy­lar: oý­nuň so­ňy” (Aven­gers: End­ga­me) fil­min­de ýe­ne-de Gol­li­wu­dyň dün­ýä bel­li ýyl­dyz­la­ry su­ra­ta düş­di. 181 mi­nut­lyk ki­no­nyň pro­kat­lardan 2 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Ki­no­da­ky wa­ka­lar 3-nji fil­miň ga­lan ýe­rin­den do­wam ed­ýär. 3-nji fil­miň ahy­ryn­da Ta­no­syň ýü­zük­le­ri jem­le­me­gin­den soň, kä­bir hy­ýa­ly ga­hry­man­lar kü­le öw­rül­ýär. Dün­ýä­de näu­myt­lyk hö­küm sür­ýär. Ga­ra dul, Ka­pi­tan Ame­ri­ka, Tor, Halk öz ýit­gi­le­ri üçin gam çe­kip ýö­ren bol­sa, beý­le­ki ta­rap­da­nam De­mir adam bi­len Ne­bu­la erk edip bil­me­ýän eme­li hem­ra ar­ka­ly nä­bel­li men­zi­le bar­ýar. Mah­la­sy, su­per gah­ry­man­lar üçin ýag­daý öwer­lik­li däl. Ýö­ne Ga­ryn­ja adam Ku­an­tum zo­la­gyn­dan çyk­ma­gy ba­şar­ýar we ga­lan gah­ry­man­la­ry jem­läp baş­la­ýar. Adam­za­dyň umy­dy­ny tä­ze­den oýa­ran Ga­ryn­ja adam we gah­ry­man­lar Ta­nos­dan ar al­mak üçin el­de ba­ry­ny gaý­gyr­man gö­reş­me­li bol­ýar­lar. In­di ýi­ten gah­ry­man­la­ryň ary­ny al­ma­gyň wag­ty ge­lip ýet­ýär…