Ady: “Kalank”; Režissýory: Abhişek Warman; Keşplerde: Madhuri Diksit, Sonakşi Sinha, Alia Batt, Warun Dhawan, Aditýa Roý Kapur, Sanjaý Datt, Kunal Khemu, Kriti Sanon, Kiara Adwani, Hiten Tejwani; Prodýuserleri: Karan Johar, Sajid Nadiadwala, Hiroo Ýaş Johar, Apoorwa Mehta; Ssenariçileri: Hussain Dalal, Abhişek Warman; Saz topary: Pritam (sazlary), Sançit Balhara, Ankit Balhara (aýdymlary); Öndüriji: “Fox Star Studios”, “Dharma Productions”, “Nadiadwala Grandson Entertainment”; Paýlaýjy: “Fox Star Studios”; Dowamlylygy: 166 minut; Görnüşi: drama, uruşly; Ýurdy: Hindistan; Dili: hindiçe.
Belli bir döwrüň wakalary, has takygy, 1930-njy ýyllarda Hindistanda bolup geçen syýasy hadysalar dogrusynda gürrüň berýän “Kalank” filmine “Jodhaa Akbar”, “Meniň adym Han”, “Ýylyň talyby” ýaly kinolary surata düşüren Abhişek Warman režissýorlyk etdi. Filmde Madhuri Diksit, Sonakşi Sinha, Alia Batt, Warun Dhawan, Sanjaý Datt ýaly Bolliwudyň ýyldyz artistleri esasy keşpleri janlandyrdy. 166 minutlap dowam edýän filmiň sazlary meşhur kompozitor Pritama degişli bolup, aýdymlaryny Sançit Balhara bilen Ankit Balhara ýerine ýetirdi. Geçen ýylyň aprelinde Mumbaýda surata düşürilip başlanan film tutuş dünýä boýunça 5300 kinoteatrda görkeziler.