Gel­jek hep­dä­niň si­şen­be gü­ni, has ta­ky­gy, 14-nji maý­da baş­lan­jak 72-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de gör­ke­zil­jek ki­no­lar mä­lim edil­di. Keşp­le­ri­ni ýyl­dyz ar­tist­le­riň jan­lan­dyr­ýan Jim Ýar­mu­şyň “The De­ad Don’t Die” filmi bi­len açyl­jak fes­ti­wa­l 25-nji maý­da ta­mam­la­nar. Je­mi 22 film “Al­tyn pal­ma” ug­run­da bäs­le­şip, ola­ryň ha­ta­ryn­da Ýar­mu­şyň ýo­kar­da ady ag­za­lan fil­mi bi­len bir ha­tar­da, meş­hur re­žiss­ýor­lar­dan Ter­rens Ma­li­giň “A Hid­den Li­fe”, Kwen­tin Ta­ran­ti­no­nyň “Once Upon a Ti­me in Hol­ly­wo­od”, Ab­dul­la­tif Ke­şi­şiň “Mek­to­ub, My Love: In­ter­mez­zo”, Ped­ro Al­mo­do­wa­ryň “Do­lor y Glo­ria”, Ken Loa­çyň “Sor­ry We Mis­sed You”, do­gan­lar Žan-Pierr we Luk Dar­den­le­riň “Le Jeu­ne Ah­med” fil­mi bar. Bu­lar­dan baş­ga-da, “At­lan­tique” (rež. Ma­ti Di­op), “Bacurau” (Kle­ber Men­don­ça Fil­ho, Ju­lia­no Dor­nel­les), “Fran­kie” (Ira Saks), “It Must be Heaven” (Elia Su­lei­man), “Litt­le Joe” (Jes­si­ka Ha­us­ner), “Matt­hi­as et Maxime” (Ksa­wie Do­lan), “Rou­baix, une lu­mie­re” (Ar­no Dep­le­şen) “Les Miserab­les” (Ladž Li) “Port­ra­it de la jeu­ne fil­le en feu” (Se­lin Sýam­ma) ýa­ly film­ler gör­ke­zi­ler. “Al­tyn pal­ma” we beý­le­ki baý­rak­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri­ni kes­git­le­jek emin­ler to­pa­ry­na os­kar­ly Ale­hand­ro Gon­za­les In­ýar­ri­tu başlyklyk eder. Emin­ler to­pa­ry­na fran­si­ýa­ly ar­tist En­ki Bi­lal, fran­si­ýa­ly ki­no iş­gä­ri Ro­bin Kam­pil­lo, se­ne­gal­ly akt­ri­sa Mai­mu­na N’Dia­ýe, ame­ri­ka­ly akt­ri­sa El­le Fan­ning, gre­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ýor­gos Lan­ti­mos, pol­şa­ly re­žiss­ýor Pa­wel Paw­li­kows­ki, ame­ri­ka­ly sse­na­ri­çi Kel­li Rei­hardt, ita­li­ýa­ly re­žiss­ýor hem sse­na­ri­çi Alis Row­ra­her da­gy ça­gy­ryl­dy.