Ady: “Jon Wik: 3-nji bö­lüm” (John Wick: Chap­ter 3 – Pa­ra­bel­lum); Re­žiss­ýo­ry: Çad Sta­hels­ki; Keşp­ler­de: Kea­nu Ri­wes, Hal­le Ber­ri, Lau­rens Fiş­burn, Mark Da­kas­kos, Asia Keýt Dil­lon, Lans Red­dik, An­že­li­ka Hýus­ton, Iýn Mak­Şeýn; Prod­ýu­ser­le­ri: Ba­sil Iwa­nik, Eri­ka Li; Sse­na­ri­çi­le­ri: De­rek Kols­tad, Şeý Hat­ten, Kris Koll­lins, Mark Ab­rams; Kom­po­zi­to­ry: Taý­ler Beýts, Jo­el J. Ri­çard; Ön­dü­ri­ji: “Thun­der Ro­ad Pictu­res”, “87Eleven Pro­ductions”; Paý­laý­jy: “Lions­ga­te”; Do­wam­ly­ly­gy: 131 mi­nut; Gör­nü­şi: uruş­ly, tril­ler; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe.

Il­kin­ji 2 bö­lü­mi bi­len ki­no muş­dak­la­ry­nyň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan “Jon Wik” film­le­ri­niň 3-nji­si 17-nji maý­da ek­ran­la­ra çy­kar. Bu fil­me hem Çad Sta­hels­ki re­žiss­ýor­lyk edip, baş keş­bi Kea­nu Ri­wes jan­lan­dyr­ýar. Nýu Ýork, Mon­re­al şä­her­le­rin­de, Rus­si­ýa­, Ma­rok­ko­ we Is­pa­ni­ýa döw­let­le­rin­de su­ra­ta al­nan ki­no­da Hal­le Ber­ri, Lau­rens Fiş­burn, Mark Da­kas­kos da­gy dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Mun­dan öň­ki “Jon Wik” film­le­ri­niň il­kin­ji 2014-nji ýyl­da, 2-nji­si 2017-nji ýyl­da to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ri­lip­di. Iki film üçin 65 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­lip­di. Pro­kat­dan bol­sa, 260 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi gir­de­ji ga­za­ny­lyp­dy.
Bu film­de Jon Wik gaç­gak bo­lup he­re­ket ed­ýär. Se­bä­bi ol “Con­ti­nen­tal Ho­tel”-de je­na­ýa­ta baş goş­ýar. Jon Wi­ke ga­çyp, gu­tul­ma­gy üçin 1 sa­gat­lyk wagt be­ril­ýär. Eger-de ol tu­tul­man ga­çyp ýe­tiş­se, on­da onuň öň­ki et­miş­le­ri unu­dy­lar, üs­te­si­ne-de mun­dan soň, ol er­kin bo­lar…