Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezi hökmünde öz ornuny has berkitdi. Biziň ak mermerli paýtagtymyz halkara derejesinde öz abraýyny has-da artdyrdy. Sebitde parahatçylygy goldaýjy, medeni we işewürlik merkezine, Gündogarda aýdylyşy ýaly, Aziýanyň merjenine öwrüldi.

23-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi bi­len bi­le­lik­de paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len tan­şyp, şä­he­riň esa­sy şa­ýol­la­ry­nyň ug­run­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­niň üp­jün edi­li­şi­ne üns ber­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aş­ga­bat­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan top­lum­la­ýyn şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gin­de Aş­ga­ba­dy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we aba­dan­laş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çir­di. Iş mas­la­ha­ty­na Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry, Mej­li­siň Baş­ly­gy, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, şä­he­riň hem-de onuň et­rap­la­ry­nyň do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň rek­tor­la­ry gat­naş­dy­lar.
Mil­li Li­de­ri­miz gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, aja­ýyp baý­ra­myň – ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da ýe­tip ge­len bu baý­ram bi­len gut­la­mak hem-de şä­her­de bar bo­lan çö­zül­me­li me­se­le­le­re we kem­çi­lik­le­re se­ret­mek üçin paý­tag­ty­my­zyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şuş­mak ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Bel­li bol­şy ýa­ly, 2013-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýö­ri­te Per­ma­ny bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­niň dö­re­di­len­di­gi­ni, bu baý­ra­myň şä­her­le­ri­miz­de we oba­la­ry­myz­da he­ni­ze çen­li hiç wagt gö­rül­me­dik ta­ry­hy hem-de ägirt uly öz­gert­me­le­ri wa­gyz et­mek üçin dö­re­di­len­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şä­he­riň ýol­baş­çy­la­ry­na we beý­le­ki de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bu aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat­da hem al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk­la­ryň dep­gi­ni­niň ýo­ka­ry bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny bel­läp, şä­her hä­kim­li­gi­niň tä­ze bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ter­ti­bi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şä­he­riň kö­çe­le­ri we şa­ýol­la­ry döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­li­dir, ola­ryň tä­ze­le­ri­ni gu­rup, bel­le­nen wag­tyn­da ulan­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy üp­jün edil­me­li­dir.
Bi­ziň şä­her­le­ri­mi­ziň we oba­la­ry­my­zyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aba­dan­çy­ly­gy alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di. Şo­ňa gö­rä-de, şä­her­le­riň kö­çe­le­ri­ni aras­sa sak­la­mak üçin hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry we zir-zi­bil da­şa­ýan ulag­lar, beý­le­ki teh­ni­ka­lar yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Bu bol­sa, şä­her­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, bu ugur­da gys­sag­ly çö­zül­me­li me­se­le­ler hem bar. Bu il­kin­ji no­bat­da, “plas­ti­ka” bi­len bag­ly me­se­le­dir.
Mu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly mil­li Li­de­ri­miz şä­her­le­riň ýol­baş­çy­la­ry plas­tik önüm­le­ri iki­lenç ulan­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri güýç­len­dir­me­li­dir di­ýip bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gün ter­ti­bi­niň no­bat­da­ky me­se­le­si­ne geç­mek bi­len, ýur­du­myz­da ýol­la­ry we kö­çe­le­ri döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek hem-de tä­ze­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça uly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýo­ka­ry tiz­lik­li hä­zir­ki za­man aw­to­mo­bil ýol­la­ry hem gu­rul­ýar. Bu ýol­lar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni bir­leş­di­rer, şo­nuň ýa­ly-da, goň­şy ýurt­la­ra çyk­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Şä­her­le­ri­miz­de we oba­la­ry­myz­da döw­re­bap kö­çe­ler dö­re­dil­ýär. Bu ýol­lar gel­je­gi na­za­ra al­nyp gu­rul­ýar. Bu­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da hu­su­sy we döw­let aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň yzy­gi­der­li art­jak­dy­gy hem göz öňün­de tu­tul­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de kö­çe­ler­de aw­tou­lag­la­ryň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär, bu bol­sa, ýol çyz­gyt­la­ry­nyň çalt sür­lüp ýit­me­gi­ne ge­tir­ýär. Hä­kim­lik­le­riň de­giş­li gul­luk­la­ry bu ýag­da­ýy he­mi­şe göz öňün­de tut­ma­ýar­lar. Anyk bel­gi­le­nen bu çyz­gyt­lar ýol­la­ry­myz­da­ky he­re­ke­tiň howp­suz­ly­gy­nyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ulag­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­lä­ni do­wam edip, şä­her­le­riň çäk­le­ri­niň gi­ňel­ýän­di­gi­ni göz öňün­de tut­mak bi­len, iň tä­ze şä­he­ra­ra we şä­her aw­to­bus­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le hem tak­si hök­mün­de ulan­mak üçin ýe­ňil aw­tou­lag­lar sa­tyn alyn­ýar. Bu örän ra­hat aw­tou­lag­lar hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len­dir. Olar ýo­lag­çy­la­ry şä­he­riň is­len­dik ýe­ri­ne çalt we ra­hat elt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Biz bu iş­ler­de döw­rü­mi­ziň şy­ga­ry bo­lan “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen sy­ýa­sat­dan ugur al­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Ýö­ne Aş­ga­ba­dyň çäk­le­rin­de iş­le­mek üçin ni­ýet­le­nen tak­si­le­riň sü­rü­ji­le­ri­niň gir­de­jä ko­wa­la­şyp, paý­tag­tyň çäk­le­rin­den çyk­ýan ýag­daý­la­ry hem köp duş gel­ýär.

Bu bol­sa, ýol be­ril­me­li ýag­daý däl­dir. Çün­ki şä­he­riň da­şyn­da­ky gat­naw­lar we şä­he­ra­ra gat­naw­lar üçin ýö­ri­te aw­tou­lag­lar bar. Şeý­le bo­lan­soň, hu­su­sy tak­si hyz­mat­la­ry­na is­leg hem art­ýar. Hu­su­sy tak­si hyz­mat­la­ry­ny ed­ýän sü­rü­ji­le­riň kä­bi­rin­de bol­sa, köp­lenç bu işe hu­kuk ber­ýän yg­ty­ýar­na­ma hem, sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­sy-da, ýo­lag­çy gat­nat­mak üçin tej­ri­be hem ýok. Bu ýag­daý bol­sa, ýol­la­ry­myz­da howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi bu me­se­lä­ni çöz­mä­ge hem üns ber­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Şä­her­le­ri­miz­de we oba­la­ry­myz­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek me­se­le­si­ne gaý­dyp gel­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ilat­ly ýer­ler­de köp san­ly bag­la­ryň we gül­le­riň otur­dyl­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Bi­ziň ba­gy-bos­san­ly se­ýil­gäh­le­ri­miz we se­ýil­bag­la­ry­myz adam­la­ryň dynç al­ma­gy üçin örän amat­ly ýer­ler­dir. Biz bu ýer­ler­de bag­la­ryň we gül­le­riň sa­ny­ny art­dyr­ma­ly­dy­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ola­ryň ýe­re ga­çan ýap­rak­la­ry­nyň ýyg­na­lyp alyn­ma­gy­na uly üns be­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy.
Bu iş­le­re ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry aý­ra­tyn üns ber­me­li­dir. Aş­ga­bat­da bol­sa, iri, şol san­da hal­ka­ra de­re­je­de çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, paý­tag­ty­myz­da we beý­le­ki şä­her­le­ri­miz­de ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry hem-de ila­ty üçin ra­hat­lyk we eko­lo­gi­ýa ba­bat­da has amat­ly şert­ler dö­re­dil­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz şä­he­riň hä­kim­li­gi­niň ýol­baş­çy­la­ryn­dan bar bo­lan kem­çi­lik­le­ri gys­ga wagt­da dü­zet­me­gi ta­lap et­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýe­we söz ber­di. Hä­kim ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni has-da aba­dan­laş­dyr­mak, on­da amat­ly eko­lo­gi­ýa gur­şa­wy­ny üp­jün et­mek, gök zo­lak­la­ry we se­ýil­gäh­le­ri dö­ret­mek, öň­de bol­jak da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­miziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­ko­wa söz be­ril­di. Wi­se-prem­ýe­riň bel­leý­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­nan me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, Aş­ga­ba­dyň bi­na­gär­lik keş­bi­ni go­wu­lan­dyr­mak, ony gül­läp ös­ýän gür bag­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça iri möç­ber­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da tä­ze ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar, he­re­ket ed­ýän in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ul­gam­lar döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Şä­he­riň ýol-ulag dü­zü­mi­ni ös­dür­mek, onuň şa­ýol­la­ry­ny, kö­çe­le­ri­ni we se­ýil­gäh­le­ri­ni, me­de­ni-dur­muş we beý­le­ki mak­sat­ly bi­na­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Je­ma­gat ho­ja­ly­gy we şä­he­riň beý­le­ki ugur­daş gul­luk­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün et­mek, paý­tag­ty­my­zyň ener­gi­ýa we suw üp­jün­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­niň işin­de bar bo­lan kä­bir kem­çi­lik­le­ri ag­zap ge­çen hem-de ola­ry dü­zet­mek bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ry be­ren mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eger bu kem­çi­lik­le­ri gys­ga wag­tyň için­de dü­zet­sek, ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz öň­kü­sin­den hem gö­zel, eziz wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ýa­şa­ma­gy üçin has oňaý­ly şä­he­re öw­rü­ler di­ýip bel­le­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň Hö­kü­me­ti­niň alyp bar­ýan köp­ta­rap­ly işi hem hut şu we­zi­pä – hal­ky­my­zyň aba­dan we ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mas­la­ha­ty jem­läp, ýyg­na­nan­la­ry, ola­ryň üs­ti bi­len äh­li hal­ky­my­zy, şol san­da paý­tag­ty­my­zyň ila­ty­ny aja­ýyp baý­ram­çy­lyk – Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de ola­ra berk jan sag­ly­gy­ny, bag­ty­ýar dur­muş we iş­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.