Dün­ýä­niň açyk meý­dan­da ge­çi­ril­ýän iň uly aý­dym-saz fes­ti­wa­llarynyň biri Koa­çel­la bo­lup, ol her ýy­lyň ap­rel aýyn­da ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň In­di­ýo şä­he­rin­de gu­ral­ýar. Koa­çel­la jül­ge­si aý­dym-saz we sun­gat fes­ti­wa­ly di­ýen at bi­len ge­çi­ril­ýän bu öz­bo­luş­ly fes­ti­wal­da dün­ýä bel­li aý­dym­çy­lar, esa­san hem, ame­ri­ka­ly sun­gat us­sat­la­ry öz­le­ri­niň iň söý­gü­li aý­dym­la­ry bi­len şol ýe­re ýyg­na­nan­lar­da ýa­kym­ly tä­sir­ler gal­dyr­ýar. Oňa her ýyl 2–3 aý­dym­çy fes­ti­wa­lyň baş aý­dym­çy­la­ry hök­mün­de gat­naş­ýar. My­sal üçin, ge­çen ýyl The Weeknd, Be­ýon­se, Emi­nem baş aý­dym­çy hök­mün­de sah­na çy­kan bol­sa, bu ýyl Çaýl­diş Gam­bi­no, Teým Im­pa­lo hem-de ýaş aý­dym­çy ze­nan Aria­na Gran­de çy­kyş et­di.
Il­kin­ji ge­zek 1999-njy ýyl­da Pol Tol­let ta­ra­pyn­dan gu­ra­lyp baş­la­nan fes­ti­wa­la to­ma­şa et­mek üçin, şol ýyl 37 müň adam gat­na­şyp­dy. Ýyl sa­ýyn gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny ar­typ, şu ýyl­ky 20-nji Koa­çel­la fes­ti­wa­ly­na to­ma­şa et­mek üçin tas ýa­rym mil­li­on, has ta­ky­gy, 458 müň adam ýyg­nan­dy. Iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji 2014-nji ýyl­da ha­sa­ba al­nyp, şon­da fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny 579 müň­de­nem köp bo­lup­dy. Fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de di­ňe aý­dym-saz bol­man, eý­sem, dür­li folk­lor çy­kyş­la­ry, tans­lar, ge­ýim-ge­jim gör­ke­zi­liş­le­ri, baş­ga-da bir­nä­çe, aýratynam, ýaş­la­ry özü­ne ma­ýyl ed­ýän çä­re­ler, dür­li-dür­li güý­men­je­ler, att­rak­si­on oýun­lar we ýa­ryş­lar ge­çi­ril­ýär. El­bet­de, bu fes­ti­wa­la bar­ma­gyň az­da-kän­de çyk­da­jy­sy bol­ýar. Fes­ti­wa­lyň bi­let­le­ri­niň sa­tu­wy her ýy­lyň ýan­war aýyn­da baş­lan­ýar. Kem-kem­den gir­de­ji­si­ni art­dyr­ýan fes­ti­wal il­ki-il­ki­ler ujyp­syz­ja muk­dar­da pul ga­za­nan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da fes­ti­wa­ly gu­raý­jy­la­ryň ga­zan­ýa­ny 115–130 mil­li­on dol­lar ara­ly­gyn­da.
Fes­ti­wa­lyň iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri-de şü­we­le­ňiň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de oňa gat­na­şy­jy­la­ryň ça­dyr gu­rup, gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da bu ýer­de gal­mak­la­ry­dyr. Bu fes­ti­wal­da, esa­san hem, aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň hip-hop, in­di, rok, pop, elekt­ro saz, tans ýa­ly gör­nüş­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ry­na is­leg her ýyl ýo­kar­lan­ýar. DJ-le­riň jan­ly ýe­ri­ne ýe­tir­ýän aý­dym-saz­la­ry köp­le­ri özü­ne ben­di ed­ýär. Koa­çel­la fes­ti­wa­ly­nyň ge­çi­ril­ýän meý­da­nyn­da kä­bir ýer­le­riň öz­bo­luş­ly at­la­ry bo­lup, olar dün­ýä bel­li çöl­le­riň (Mo­ha­we, Go­bi, Sa­ha­ra) at­la­ry bi­len ag­zal­ýar. Şol no­kat­la­ryň her­sin­de-de aý­ra­tyn çä­re, güý­men­je­ler ge­çi­ril­ýär.
Koa­çel­la jül­ge­sin­de aý­dym-saz et­mek dä­bi­ni il­kin­ji bo­lup, 1993-nji ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da Pearl Jam ýola goýýar. Meş­hur aý­dym­çy­nyň kon­ser­ti­ne aýdym-saz muş­daklaryň 25 müňüsi ýyg­nan­ýar. Koa­çel­la ady bi­len il­kin­ji ge­zek 1999-njy ýyl­da ge­çi­ri­lip baş­la­nan fes­ti­wal 2001-nji ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Fes­ti­wal “Bill­board”, “Polls­tar” ýa­ly aý­dym-saz baý­rak­la­ryn­da-da dür­li sy­lag­la­ra my­na­syp bol­ýar.