Ady: “Bharat”; Režissýory: Ali Abbas Zafar; Keşplerde: Salman Han, Katrina Kaif, Tabu, Dişa Patani, Sunil Grower, Jeki Şroff; Prodýserleri: Atul Agnihotri, Alwira Han Agnihotri, Bhuşan Kumar, Krişan Kumar, Nikhil Namit; Ssenariçileri: Ali Abbas Zafar, Warun W. Şarma (2014-nji ýyldaky “Ode to My Father” atly koreý filmi esasynda); Kompozitory: Wişal-Şekhar (aýdymlary), Julius Pakiam (sazy); Öndüriji: “Reel Life Productions”, “Salman Khan Films”, “T-Series”; Paýlaýjy: “AA Films”; Dowamlylygy: 155 minut; Görnüşi: drama, uruşly; Ýurdy: Hindistan; Dili: iňlisçe; Býujeti: 15 million $.Bolliwudyň 2 ýyldyzy – aktýor Salman Han bilen aktrisa Katrina Kaifiň bilelikde surata düşen “Bharat” atly bu filmine Ali Abbas Zafar režissýorlyk etdi. Koreýaly režissýor Ýun Že-Kýunyň 2014-nji ýylda surata düşüren “Ode to My Father” atly filmi esasynda ekranlaşdyrylan kino üçin 15 million dollar töweregi pul sarp edildi. Abu Dabi, Nýu Deli, Penjab şäherlerinde, Maltadyr Ispaniýanyň käbir ýerlerinde surata düşürilen film eýýäm 17 million dollar töweregi girdeji gazandy. Filmde Bharat atly oglanjygyň galagoply ýyllardan başlap, tä häzirki döwre çenli başdan geçiren wakalary barada gürrüň berilýär. 1950-nji ýyllarda 8 ýaşlaryndaka Bharat kakasyna maşgalany dargatman saklajakdygy baradaky wada berýär. Ol wadasynda tapylmak üçin elinden gelenini gaýgyrman göreşmeli bolýar