Düýn futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky 8-nji FIFA Dünýä kubogyna badalga berildi. Çempionata 24 ýygyndy gatnaşyp, olar 6 toparçada çykyş ederler. “A” toparçada ýer eýesi Fransiýa bilen bir hatarda Koreýa Respublikasynyň, Norwegiýanyň, Nigeriýanyň, “B” toparçada Germaniýanyň, Hytaýyň, Ispaniýanyň, Günorta Afrikanyň, “C” toparçada Awstraliýadyr Italiýanyň, Braziliýanyň hem-de Ýamaýkanyň ýygyndylary özara güýç synanyşar. Angliýanyň, Şotlandiýanyň, Argentinanyň, Ýaponiýanyň gyzlar ýygyndylary “D” toparçany düzse, “E” toparçada Kanada, Kamerun, Täze Zelandiýa we Gollandiýa çykyş eder. “F” toparçada çempionatyň faworitlerinden, soňky çempion ABŞ-nyň, Tailandyň, Çiliniň hem-de Şwesiýanyň milli toparlary özara duşuşar. Toparçalarda 1–2-nji orny eýelänler hem-de 3-nji ýeri alanlaryň iň gowy 4-si ýaryşy dowam etdirer. Ýaponiýanyň, Braziliýanyň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň we Nigeriýanyň ýygyndylary 1991-nji ýyldan bäri her 4 ýyldan 1 gezek geçirilýän bu ýaryşyň ählisine gatnaşyp gelýärler. Çiliniň, Şotlandiýanyň, Ýamaýka bilen Günorta Afrikanyň ýygyndylary bolsa, ilkinji gezek gatnaşýarlar. Bir aýlap dowam etjek çempionatyň duşuşyklary Fransiýanyň Pariž (“Park de Prens”), Lion (“Park Olimpik Lion”), Nissa (“Allianz Riwiera”), Monpelie (“Stad de la Mossan”), Renn (“Roažan Park”), Le Hawr (“Stad Osean”), Walansien (“Stad de Eýno”), Reýms (“Stad Ogust-Delon”) hem-de Grenobl (“Stad de Alp”) şäherlerindäki stadionlarda geçiriler. Final duşuşygy 7-nji iýulda Lion şäheriniň 59186 orunlyk “Park Olimpik Lion” stadionynda oýnalar. Fransiýa bu ýaryşy ilkinji gezek kabul edýär, emma çempionat Ýewropada 3-nji gezek geçirilýär.