Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän ykdysady we syýasy talaplar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan, ylmyň, bilimiň derejelerini has-da ýokarlandyrmakdan, medeniýetiň ähli ugurlaryny milli hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda, ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler jemgyýetde çykyş edýän ähli raýatlaryň olaryň saýlap-seçen wekilleri bolan deputatlaryň gatnaşmagynda maslahatlaşmak esasynda işlenip düzülýär. Bu meselelerde aýal-gyzlarymyzyň erkekler bilen deň derejede sesleriniň bardygyny, bu ajaýyp işleri durmuşa geçirmekde hem olaryň mynasyp paýynyň bardygyny aýratyn nygtamak isleýäris.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, dünýä derejesinde kabul edilen gender (aýal-gyzlaryň erkek adamlar bilen deň derejede ähli hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanmagy) baradaky halkara syýasatynyň talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigi ýurdumyzyň eýýäm şol mahallardan başlap demokratik ýola düşendigini alamatlandyrýandyr. Ýurtda hereket edýän adam hukuklary baradaky kanuny syýasatyň zenanlar baradaky kadalaşdyryjy talaplaryna ser salanymyzda, olaryň hukuklarynyň ýylsaýyn pugtalanmagy babatynda döwletimiziň zamun (garant) bolup çykyş edýänligine göz ýetirýäris.
Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny ykrar etmek we halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek bilen Türkmenistan adam hukuklary hakyndaky halkara namalaryna, şol sanda zenanlaryň hukuklary hakyndaky jarnamalara we konwensiýalara işjeň goşuldy. Olaryň hatarynda Ykdysady, sosial we medeni hukuklar hakynda halkara Paktyny, Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara Paktyny, Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýany we onuň Fakultatiw Teswirnamasyny, Aýallaryň syýasy hukuklary hakyndaky Konwensiýany, Halkara Zähmet Guramasynyň Birmeňzeş zähmet üçin erkekleri we aýallary birmeňzeş sylaglamak hakynda, Zähmet babatda kemsitmeler hakynda Konwensiýany, Adam söwdasynyň, aýratyn-da, aýallaryň we çagalaryň söwdasynyň öňüni almak we munuň üçin jeza bermek hakynda Teswirnamany we beýlekileri görkezmek bolar. Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary hakynda Konwensiýalaryndan gelip çykýan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigini jar etdi.
Giňişleýin alnyp barylýan gender syýasaty zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň hukukly derejede gatnaşmagyny, jynslaryň deň hukuklarynyň konstitusion ýörelgeleriniň amala aşyrylmagyny, zenanlar we erkekler üçin birmeňzeş mümkinçilikleriň döredilmegini kepillendirýän kanunlary işläp düzmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri bilen hyzmatdaşlykda adam hukuklaryny goramagyň bar bolan ulgamynyň işlerini kämilleşdirmek meselesi yzygiderli dowam edýär. Bu ugur boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kanunçylyk namalary esasynda ýörite toparlar döredildi. Topar agzalary ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek, raýatlaryň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň wezipe borçlaryny doly berjaý etmeýändikleri baradaky arza-şikaýatyna öz wagtynda seretmek barada Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparlar döredildi.
Berkarar döwletimizde gender syýasatynyň taglymatlaryny we kadalaşdyryjy kanunlaryny ösdürmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýaşaýyş-durmuşda gender deňligini gazanmak, maşgala, enelik, zähmet we zenanlary hemmetaraplaýyn goramak ýaly medeni, sosial, ýaşaýyş-durmuş işleri berkitmek meseleleri ýurdumyzda döwlet derejesinde alnyp barylýar.
Berilýän statistik maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilatynyň 50 %-den gowragy zenanlardyr. Olar döwletiň düzümleýin gulluklarynyň ähli ugurlarynda wezipe borçlaryny abraý bilen berjaý edýärler. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimligi bolan Mejlisiň deputatlarynyň 17 göterimi, ýerine ýetiriji häkimligiň, onuň düzümindäki ähli gulluklaryň edara, kärhana, guramalaryň ýolbaşçy işgärleriniň 25 göterimden gowragy zenanlardyr. Türkmenistanyň Mejisiniň başlygynyň, onuň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň zenanlardygy, olaryň ençemesiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde, welaýat, şäher, etrap häkimliklerinde, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, dokma senagaty, telekeçilik ulgamlarynda ýolbaşçy işlerde işleýändikleri örän guwançlydyr. Zenanlarymyzyň ençemesi ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda, konsullyklarynda, jemgyýetçilik guramalarynda ýolbaşçy işlerde netijeli zähmet çekýärler.
Bu aýdylanlar Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen zenanlarynyň döwletimiziň ykdysady-syýasy, sosial we medeni durmuşyna gönüden-göni gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Huseýin Şaýymow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty.