Ýur­du­myz­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len bar­ha giň­den meş­gul­lan­mak­la­ry hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­ra­ýan tür­gen­le­riň sa­ny­ny bar­ha art­dyr­ýar. Türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler ýy­lyň-ýy­ly­na hal­ka­ra we se­bit ýa­ryş­la­ryn­da uly ýe­ňiş­le­ri ga­zan­ýar­lar. Ýa­kyn­da bi­ziň ça­pyk­su­war­la­ry­myz Gyr­gy­z Respublikasynyň paý­tag­ty Biş­kek­de ge­çi­ri­len kon­kur bo­ýun­ça ýa­ryş­da çy­kyş edip, “Ar­ka­la­şy­gyň ku­bo­gy­na” eýe bol­du­lar. Aş­ga­bat şä­he­rin­de 26-30-njy maý­da ge­çi­ri­len sam­bo bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da hem bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň to­pa­ry öňe saý­lan­dy. Paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça tamamlanan Azi­ýa çem­pio­na­ty­nda türk­men päl­wan­la­ry er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň ara­syn­da umu­my to­par­la­ýyn ha­sap­da 98 me­dal (44 al­tyn, 28 kü­müş, 26 bü­rünç) ga­zan­mak bi­len, türkmen göreşi boýunça 48 medal (22 altyn, 14 kümüş, 12 bürünç) gazanmak bilen, 1-nji or­ny eýe­ledi­ler. Sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň, do­gan­lyk-dost­lu­gyň da­ba­ra­sy­na öw­rül­en bu aja­ýyp çä­rä yk­jam taý­ýar­ly­gyň gi­di­şin­de tür­gen­le­ri­mi­ziň des­lap­ky ga­zan­ýan bu ne­ti­je­le­ri ola­ryň Azia­da-2017-de üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny my­na­syp go­ra­jak­dyk­la­ry­na ynam dö­red­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de Azia­da-2017-niň ny­şa­ny ýer­leş­di­ri­len ze­rur önüm­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­ri­şil­di. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan bu çä­rä ba­gyş­la­nyp, sow­gat­lyk önüm­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar. Taý­ýar­lyk iş­le­rin­de ne­şir önüm­le­ri­ne hem uly orun de­giş­li­dir. Türk­men­çe-arap­ça, arap­ça-türk­men­çe sport söz­lük­le­ri, sport adal­ga­la­ry­nyň türk­men­çe-arap­ça, türk­men­çe-iň­lis­çe söz­lük­le­ri, türk­men­çe-ko­reý­çe söz­lük, rus­ça-türk­men­çe sport söz­lü­gi, türk­men­çe-iň­lis­çe-rus­ça luk­man­çy­lyk söz­lü­gi – gep­le­şik ki­ta­by ýa­ly ne­şir önüm­le­ri taý­ýar­la­nyl­dy. Şeý­le hem ka­gyz­dan ýa­sa­lan tor­ba­lar, mek­dep okuw­çy­la­ry üçin dep­der­ler, al­bom­dyr se­ne­na­ma­lar, gün­de­lik­ler, lo­go­tip ýaz­gy­ly ruç­ka­lar, gut­lag­na­ma­lar, dür­li gör­nüş­li ny­şan­lar ýa­ly köp san­ly ne­şir önüm­le­ri bu gün dü­kan­la­ry­my­za gel­şik ber­ýär. Myh­man­lar üçin ýö­ri­te žur­nal­lar hem-de ki­tap­ça­lar, ýol gör­ke­zi­ji­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň sy­ýa­hat­çy­lyk kar­ta­la­ry, ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­be­let­ler we ter­ji­me­çi­ler taý­ýar­la­nyl­ýar. Azia­da-2017 sport ýa­ryş­la­ry­na ba­gyş­la­nan poç­ta ny­şan­la­ry dö­re­dil­ýär.
Aş­ga­bat şä­he­rin­de ma­ha­bat we gör­ke­ziş en­jam­la­ry­ny ýer­leş­dir­mek iş­le­ri hem giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar. Oýun­la­ra ba­gyş­la­nyp, paý­tag­ty­myz we Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi ha­kyn­da ýö­ri­te ki­tap­ça­lar, Azia­da-2017 sport ýa­ryş­la­ry­na we Aş­ga­ba­da ba­gyş­la­nan ýö­ri­te wi­deo­ýaz­gy­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Oýun­lar ge­çi­ril­ýän döw­rün­de ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­de we gat­na­şy­jy­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­rin­de söw­da meý­dan­ça­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ol ýer­de dür­li ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ryň, oý­nuň ny­şan­la­ry­nyň söw­da­la­ry gur­na­lar. Aras­sa pag­ta­dan taý­ýar­la­nyl­ýan dok­ma önüm­le­ri­miz dün­ýä ba­za­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de dok­ma önüm­le­ri­mi­ziň ser­gi­si da­şa­ry ýurt­lar­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şol ser­gi­ler­de V Azi­ýa oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nan dok­ma önüm­le­ri­niň hem bar­dy­gy gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Oýun­la­ra taý­ýar­lyk döw­rün­de, şeý­le hem bu Oýun­la­ryň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de tür­gen­le­ri­mi­ze, Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň hem-de da­şa­ry ýurt we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­na be­ril­jek dok­ma we ma­ha­bat önüm­le­ri­niň äh­li gör­nüş­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ryn­da uçar­be­let­ler, meý­le­tin ýar­dam­çy­lar we hyz­mat ed­ýän iş­gär­ler üçin ýö­ri­te egin­baş­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Daş­ky be­ze­gi­ne V Azi­ýa oýun­la­ry­na de­giş­li şe­kil­ler çe­ki­len ýo­ka­ry hil­li önüm­ler hi­li we gö­ze ge­lüw­li, owa­dan be­ze­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şan­la­ry ýer­leş­di­ri­len sow­gat­lyk önüm­le­ri, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar üçin dok­ma önüm­le­rin­den ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry hem bo­lar. Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar ýo­ka­ry hil­li iý­mit önüm­le­ri bi­len üp­jün edi­ler. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan bu mö­hüm çä­rä hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk­ly bar­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär.
Azia­da—2017-ni giň­den wa­gyz et­mek­de onuň in­ter­net-saý­ty mö­hüm or­ny eýe­lär. In­ter­net ul­ga­myn­da “Aş­ga­bat 2017. Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry” at­ly web-saý­ty açyl­dy. Bu saý­tyň kö­me­gi bi­len in­ter­net ula­ny­jy­lar gö­ni ýaý­lym­da äh­li ýa­ryş­la­ra to­ma­şa edip bi­ler­ler. Üç dil­de-türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de iş­le­nip dü­zü­len ul­gam http://ash­ga­bat2017.gov.tm sal­gysy türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­jek oýun­lar, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň des­ga­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň sport dur­mu­şy we beý­le­ki­ler ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Biz türgenlerimiziň milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda bu ajaýyp binalarda şu ýylyň 16-25-nji sentýabrynda tennis boýunça, 23-26-njy sentýabrynda ýeňil atletika, 4-7-nji noýabrynda basketbol boýunça halkara ýaryşlarynda, 7-12-nji dekabrynda jýu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda hem öňdäki baýrakly orunlary eýelejekdiklerine ynanýarys.
Bu aý­dy­lan­lar ýur­du­my­zy sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny­na öwür­mek üçin tagalla ed­ýän Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da gö­zel paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Azia­da-2017-niň tä­ze ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak­dy­gy­na anyk şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ma­hym ŞA­MY­RA­DO­WA,
Ma­ry luk­man­çy­lyk or­ta okuw
mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.