Dün­ýä bel­li mult­film kom­pa­ni­ýa­sy “Pixar” 2020-nji ýyl­da “On­ward” we “So­ul” at­ly 2 ani­ma­si­ýa­ny pro­kat­la­ra ýaý­ra­dar. Ola­ryň bi­rin­ji­sin­de iki el­fdo­ga­nyň dün­ýä­de asu­da ýe­riň bar­dy­gy­ny ýa-da ýok­du­gy­ny anyk­la­mak üçin eden sy­ýa­ha­tyn­da baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Bu mult­fil­me Dan Skan­lon re­žiss­ýor­lyk eder. “Pixar”-yň 2020-nji ýyl­da­ky 2-nji mult­fil­mi “So­ul”-y meş­hur re­žiss­ýor Pit Dok­ter su­ra­ta dü­şü­rer. Bu film­de ani­ma­si­ýa muş­dak­la­ry kos­mi­ki äle­me ga­ýy­ba­na sy­ýa­hat edip bi­ler­ler. Ani­ma­si­ýa­lar ba­ra­da­ky anyk mag­lu­mat­lar öňü­miz­dä­ki gün­ler­de ha­bar ber­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Pixar” 3-nji ge­zek 1 ýyl­yň dowamynda 2 ani­ma­si­ýa ön­dü­rer.
Gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da pro­ka­ta gi­ri­zil­jek “Soo­ryavans­hi” at­ly film­de baş keşp­le­ri Bol­li­wu­dyň meş­hur ýyl­dyz­la­ry Ak­şaý Ku­mar bi­len Kat­ri­na Ka­if jan­lan­dy­rar. Uruş­ly gör­nüş­däki fil­me Ro­hit Şet­ti re­žiss­ýor­lyk eder. Wir So­or­ýa­wan­şi at­ly po­li­si­ýa iş­gä­ri­niň eder­men­li­gi ba­ra­da söh­bet aç­ýan ki­no­da baş­ga-da Anu­pam Kher, Ni­na Gup­ta, Wi­wan Bha­te­na ýa­ly ar­tist­ler hem dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rer­ler. Far­had Sa­ji­diň sse­na­ri­si esa­syn­da ek­ran­laş­dyryl­ýan fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri hä­zir­ki wagt­da Mum­baý­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Ha­ly­pa re­žiss­ýor Klint Ist­wu­dyň “The Bal­lad of Richard Je­well” at­ly tä­ze fil­mi­niň ar­tist­le­ri­niň ha­ta­ry­na Oli­wi­ýa Waýld bi­len Jon Hamm go­şul­dy. Os­ka­ryň da­laş­gä­ri Bil­li Re­ýiň sse­na­ri­si esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ryl­jak film­de Ri­çard Je­wel­liň keş­bi­ni Pol Wol­ter, onuň ak­law­çy­sy­nyň keş­bi­ni-de Sem Rok­wel­liň jan­lan­dyr­jak­dy­gy ozal ha­bar ber­lip­di. Film­ At­lan­ta – 1996 Olim­pi­ýa oýun­la­ry döw­rün­de bo­lup ge­çen pa­jy­ga­ly wa­ka­lar we so­ňun­da ýü­ze çy­kan ha­dy­sa­lar dog­ru­syn­da söh­bet aç­ýar. Fil­miň ek­ran­la­ra çy­ka­ryl­jak wag­ty hä­zir­lik­çe bel­li däl.
Dün­ýä­niň iň ga­dy­my ki­no fes­ti­wa­ly bo­lan We­ne­si­ýa film şü­we­le­ňin­de ýe­ňi­ji­le­ri saý­la­jak emin­ler to­pa­ry­nyň baş­ly­gy mä­lim edil­di. 28-nji aw­gust – 7-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek fes­ti­wal­da emin­le­re ze­nan re­žiss­ýor Luk­re­sia Mar­tel ýol­baş­çy­lyk eder. Ar­gen­ti­na­ly re­žiss­ýor “Za­ma”, “Baş­syz ze­nan”, “Keramatly gyz” ýa­ly film­ler bi­len uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Fes­ti­wa­lyň emin­ler to­pa­ry hem-de “Al­tyn ýol­bars” baý­ra­gy­na da­laş et­jek film­le­riň sa­na­wy aw­gust aýyn­da mä­lim edi­ler.
“Möý adam:
öý­den uzak­da”
Ady: “Spi­der-Man: Far From Ho­me”; Re­žiss­ýo­ry: Jon Watts; Keşp­ler­de: Tom Hol­land, Sa­mu­el L. Jek­son, Zen­da­ýa, Ko­bi Smal­ders, Jon Faw­ro, J. B. Smuw, Jeý­kob Ba­ta­lon, Mar­tin Starr, Ma­ri­sa To­mei, Jeýk Jil­len­ha­al; Prod­ýu­se­rleri: Ke­win Faý­gi, Emi Pas­kal; Sse­na­ri­çi: Kris Mak­Ken­na, Erik Som­mers (Sten Li­niň “Spi­der Man” at­ly ko­miks­le­ri esa­syn­da); Kom­po­zi­to­ry: Maýkl Jak­ki­no; Ön­dü­ri­ji: “Colum­bia Pictu­res”, “Marvel Stu­di­os”, “Pascal Pictu­res”; Paý­laý­jy: “So­ny Pictu­res Re­lea­sing”; Do­wam­ly­ly­gy: 129 mi­nut; Gör­nü­şi: uruş­ly, baş­dan ge­çir­me, fan­tas­tik, ko­me­di­ýa, “su­per­he­ro”; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 160 mil­li­on $.
“Oý­na­waç­la­ryň he­ka­ýa­sy – 4”
Ady: “Toy Sto­ry 4”; Re­žiss­ýo­ry: Joş Ku­li; Ses be­ren­ler: Tom Hanks, Tim Al­len, En­ni Potts, To­ni Heýl, Ki­gan-Maýkl Kiý, Jor­dan Pil, Ma­de­le­in MakG­raw, Kris­ti­na Hend­riks, Kea­nu Riwz, Al­li Ma­ki, Jeý Her­nan­des, Lo­ri Alan, Jo­an Ku­sak, Bon­ni Hant; Prod­ýu­ser­le­ri: Jo­nas Ri­we­ra, Mark Ni­el­sen; Sse­na­ri­çi­le­ri: Ste­fa­ni Fol­som, Andr­ýuw Sten­ton; Kom­po­zi­to­ry: Ren­di Nýu­man; Ön­dü­ri­ji: “Walt Dis­ney Pictu­res”, “Pixar Ani­ma­ti­on Stu­di­os”; Paý­laý­jy: “Walt Dis­ney Stu­di­os Mo­ti­on Pictu­res”; Do­wam­ly­ly­gy: 100 mi­nut; Gör­nü­şi: 3D komp­ýu­ter ani­ma­si­ýa­sy, ko­me­di­ýa; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 200 mil­li­on $.
Di­ňe bir ça­ga­la­ry däl, eý­sem, ulu­la­ry hem özü­ne ben­di eden “Pixar” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze ani­ma­si­ýasy — “Oý­na­waç­la­ryň he­ka­ýa­sy – 4” mult­fil­mini Joş Ku­li­ su­ra­ta dü­şü­r­di. Gör­ke­zi­lip baş­la­na­ny­na 2 hep­de gow­rak wagt ge­çen ani­ma­si­ýa­nyň gah­ry­man­la­ry­na ýe­ne-de ozal­ky­sy ýa­ly, Tom Hanks, Tim Al­len, şeý­le-de En­nin Potts, To­ni Heýl, Ki­gan-Maýkl Kiý, Jor­dan Pil ýa­ly ta­ny­mal şah­sy­ýet­ler ses ber­mä­ge gat­naş­dy­lar. 200 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­len ani­ma­si­ýa­nyň pro­kat­lar­dan ýyg­na­ny hä­zir­lik­çe 520 mil­li­on dol­lar­dan geç­di. Ani­ma­si­ýa­nyň il­kin­ji bö­lü­mi 1995-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kyp­dy. 4 ýyl­dan soň ikin­ji­si, 2010-nji ýyl­da “Oý­na­waç­la­ryň he­ka­ýa­sy – 3” to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­lip­di. Şol 3 mult­film üçin şe­re­ket 320 mil­li­on dol­lar­lyk çyk­da­jy edip, onuň öwe­zi­ni 2 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji bi­len do­lup­dy. Ani­ma­si­ýa­nyň tä­ze bö­lü­min­de plast­mas­sa­dan ýa­sa­lan oýun­jak çem­çe For­ki­niň beý­le­ki oý­na­waç­lar bi­len baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry dog­ru­syn­da gür­rüň be­ril­ýär. For­ki özü­ni oýun­jak ha­sap­la­nok. Ol özüniň ha­ky­ky çem­çe­di­gi­ne ynan­ýar.
“Ka­bir Singh”
Ady: “Ka­bir Singh”; Re­žiss­ýo­ry: San­dip Wan­ga; Keşp­ler­de: Şa­hid Ka­pur, Kia­ra Ad­wa­ni, Ar­jan Baj­wa, Su­reş Obe­roi, Adil Hus­sa­in, Ni­ki­ta Dut­ta, Ka­mi­ni Kau­şal; Prod­ýu­ser­le­ri: Mu­rad Khe­ta­ni, Aş­win War­de, Bhu­şan Ku­mar, Kri­şan Ku­mar; Sse­na­ri­çi: San­dip Wan­ga; Kom­po­zi­to­ry: Har­şa­ward­han Ra­meş­war; Ön­dü­ri­ji: “Cine1 Stu­di­os”, “T-Se­ri­es”; Paý­laý­jy: “AA Films”; Do­wam­ly­ly­gy: 172 mi­nut; Gör­nü­şi: ro­man­tik, dra­ma; Ýur­dy: Hin­dis­tan; Di­li: hin­di­çe; Býu­je­ti: 9 mil­li­on dol­lar.
San­dip Wan­ga­nyň sse­na­ri­si­ni ýa­zyp, su­ra­ta dü­şü­ren “Ka­bir Singh” fil­min­de baş keşp­le­ri Şa­hid Ka­pur bi­len Kia­ra Ad­wa­ni jan­lan­dyr­ýar. Ro­man­tik dra­ma gör­nüş­li bu ki­no­nyň ag­ram­ly bö­le­gi Mum­baý­da, şeý­le-de Tä­ze De­li­de ek­ran­laş­dy­ryl­dy. San­dip Wan­da­nyň 2017-nji ýyl­da ta­mil di­lin­de su­ra­ta dü­şü­ren “Ar­jun Red­dy” fil­mi­niň hin­di di­lin­dä­ki ri­meý­ki (tä­ze­den dü­şü­ri­len gör­nü­şi) bo­lan film­de Ka­bir Sing­hiň dur­mu­şy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.