Sport eşiklerini öndürýän “Adidas” kompaniýasy ummanlardaky plastmassa zyňyndylaryny azaltmak üçin taslamalar durmuşa geçirýän “Parley for the Oceans” bilen bilelikde, üýtgeşik aýakgap öndürdi. Ummandaky zyňyndylardan peýdalanylyp, üç ölçegli çap usuly arkaly sport aýakgaby öndürildi. “Adidas” täze harydyň işlenip düzülmegini öz üstüne alypdyr. Köwşüň daşky gatlagy könelişen balyk tutulýan tordan ýasalypdyr. “Adidas” kompaniýasy bu materialy ýokary tehnologiýadan peýdalanyp, arassalapdyr we ondan tolkunlary ýatladýan nagyşly köwüş ýasapdyr.
“Parley” guramasynyň esaslandyryjysy Kirill Gutş “Adidas”-yň öz maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam edendigi üçin begenýändiklerini aýtdy. Ol aýakgabyň satlyk däldigini hem ýaňzytdy.
Soňky ýyllarda ummanlary aýawly saklamak üçin uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Suwasty ýaşaýşy goramak üçin amala aşyrylýan bu taslamalar özüniň oňyn netijesini berýär. Täze tagallalar hem daşky gurşawy arassa saklamaga, hem-de ykdysady taýdan peýda gazanmaga ýardam edýär.