Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýe boldy. Milli Liderimiziň BMG-niň baş münberinden öňe sürýän ählumumy parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny düzýär.
Türkmenistan bilen BMG-niň dürli düzümleriniň arasyndaky işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary esasynda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynda Türkmenistanyň orny aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, şu günler BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş binasynda Ykdysady we Durmuş Geneşiniň (EKOSOS) howandarlygy astynda Ýokary derejeli syýasy forum geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň bu saparynyň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we maksatnamalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.
Has takygy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana we Baş sekretaryň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekil hanym Fekitamoeloa Utoikamana bilen duşuşdylar.
Baş sekretaryň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda taraplar ulag hem-de energetika ulgamynda has ysnyşykly özara hereketleri ösdürmegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmeginiň meseleleriniň ilerledilmegindäki başlangyçlarynyň ähmiýeti, şeýle hem dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň durnukly daşalmagynyň üpjün edilmegi ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygy bellenilip geçildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara ulag özara hereketleriniň ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen türkmen tarapy Baş sekretaryň orunbasarynyň gözegçilik edýän edarasy tarapyndan geçirilýän forumlara mundan beýläk hem işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
ESKATO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ulgamynda, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça iş ýüzündäki amallaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň ştab-kwartirasynda türkmen tarapynyň guramagynda “Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde halkara institutlarynyň hyzmatdaşlygy: BMG-AHHG modeli” atly tematiki çäre geçirildi. Çärä gatnaşyjylar howanyň global derejede üýtgemegi, şeýle hem dünýäniň dürli sebitlerinde suw serişdeleriniň ulanylmagynda antropogen şertleriniň täsiri astynda ekologiki heläkçilikleriniň netijeleriniň aradan aýrylmagynda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Has takygy, Aral deňziniň meselesiniň çözülmeginde özara hereketleri berkitmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde Türkmenistanyň orny hem-de Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň geljekki Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) formatynyň kesgitlenilmegi boýunça öňde duran köptaraplaýyn geňeşmeleriň ähmiýeti nygtalyp geçildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň sapary dowam edýär. BMG-niň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.