Ady: “The Li­on King”; Re­žiss­ýo­ry: Jon Favro; Ses be­ren­ler: Do­nald Glo­wer, Set Ro­jen, Ki­we­tel Ežio­for, Alf­re Wu­dard, Bil­li Eih­ner, Jon Ka­ni, Jon Oli­wer, Be­ýon­se Now­les-Kar­ter, Jeýms Iarl Jons; Prod­ýu­ser­le­ri: Jon Favro, Jeff­ri Sil­wer, Ka­ren Gilk­rist; Sse­na­riç: Jeff Ne­tan­son (“Dis­ney”-iň ady­bir ani­ma­si­ýa­sy esa­syn­da); Kom­po­zi­to­ry: Hans Zim­mer; Ön­dü­ri­ji: “Walt Dis­ney Pictu­res”, “Fa­irview En­ter­ta­in­ment”; Paý­laý­jy: “Walt Dis­ney Stu­di­os Mo­ti­on Pictu­res”; Do­wam­ly­ly­gy: 118 mi­nut; Görnüşi: 3D kompýuter animasiýasy; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 250 mil­li­on $.
“Walt Dis­ney” kom­pa­ni­ýa­syn­da ozal­ky ani­ma­si­ýa­la­ry tä­ze­den jan­ly fil­me öwür­mek dä­bi ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Şe­re­ke­tiň tä­ze önü­mi “Şa ýol­bars” (The Li­on King) fil­mi hem ozal­ky ani­ma­si­ýa­sy bo­lup (1994-nji ýyl­da pro­ka­ta çy­kan ady­bir mult­film), onuň tä­ze­çe nus­ga­sy­ny Jon Faw­ro su­ra­ta dü­şür­di. Ol mun­dan öň­ki “Jeň­ňel ki­ta­by” fil­mi­ne re­žiss­ýor­lyk edip­di. Sse­na­ri­si­ni Jeff Ne­tan­so­nyň ýa­zan fil­min­de Do­nald Glo­wer, Set Ro­jen, Ki­we­tel Ežio­for, Alf­re Wu­dard, Bil­li Eih­ner, Jon Ka­ni, Jon Oli­wer, Be­ýon­se Now­les-Kar­ter, Jeýms Iarl Jons ýa­ly ar­tist­ler gah­ry­man­la­ra ses ber­mä­ge gat­naş­dy. Meş­hur kom­po­zi­tor Hans Zim­me­riň sa­zy­ny ýa­zan fil­mi­niň býu­je­ti 250 mil­li­on dol­la­ra deň­dir. Iki sa­ga­da go­laý do­wam ed­ýän ani­ma­si­ýa­nyň pro­kat­lar­dan 1 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ek­ran ese­rin­de Sim­ba at­ly ýol­bar­syň duş­man­la­ry­na gar­şy gö­re­şi ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. Haý­wa­nat dün­ýä­si­ndäki dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, şol bir­wag­tyň özün­de-de öý­ke-ki­ne­ler, ga­har–ga­zap­lar, duş­man­çy­lyk­lar be­ýan edil­ýär. Ka­ka­sy­nyň öl­dü­ril­me­gin­den soň, aga­sy Skar ta­ra­pyn­dan sür­gü­ne ibe­ri­len Sim­ba yzy­na do­lan­ýar we özü­ne de­giş­li bo­la­ny al­mak üçin gö­reş alyp bar­ýar…