Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada Neksus Dialog” atly taslamasynyň, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň hem-de ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.
Sebitleýin iş toparlarynyň mejlisine Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň, şeýle hem GIZ we CAREC guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
2017 – 2019-njy ýyllarda AHHG-nyň başlygy bolmak bilen, ýurdumyz bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge düýpli çemeleşip, ony ýörite işlenilip taýýarlanylan, Gaznanyň işini kämilleşdirmegi we onuň netijeliligini artdyrmagy, Aral deňzi sebitiniň ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýän Konsepsiýanyň esasynda amala aşyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu meseleleriň derwaýyslygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden alyslara çykýar, şonuň üçin bu ýerde abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen işjeň gatnaşykda yzygiderli döwletara hyzmatdaşlyk üçin mäkäm binýady döretmek zerur bolup durýar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda görýän yzygiderli çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen, türkmen tarapynyň başyny başlan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnama aýdyň şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň
AHHG-a synçynyň derejesini bermek hakynda Kararnamasy kabul edildi. Munuň özi Aral meselesiniň dünýä derejesindäki häsiýetini hem-de ony çözmek üçin halkara tagallalary bir ýere jemlemegiň zerurlygyny tassyklan tapgyrlaýyn waka boldy. Şunda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty hem-de öňe sürýän anyk başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň esasy maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça wezipeleri bilen gös-göni baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň degişlilikde 2012-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçirilen BMG-niň Rio+20 sammitinde hem-de 2015-nji ýylda Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de “Suw diplomatiýasyny” ilerletmegiň zerurlygy hakynda teklipleri aýratyn mazmuna eýe bolýar.
Ýurdumyz ykdysady, durmuş, ynsanperwer we tebigaty goraýyş ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek üçin toplan uly tejribesini we döredijilik mümkinçiliklerini umumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşýar. Türkmenistan öz tarapyndan Aral ýakasynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Munuň özi diňe sebit däl-de, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýedir.
Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, Aral meselesi bilen baglylykda sebitde dörän meseleleri çözmegiň has netijeli gurallarynyň biri bolup durýar. AHHG-nyň döredilen gününden bäri häzire çenli ADSM, ADSM-2 we ADSM-3 ýaly maksatnamalaryň üçüsi amala aşyryldy.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndan 23-nji awgustyna çenli aralykda geçirilen mejlislerinde kabul edilen çözgütlere laýyklykda, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Döwletara utgaşdyryjy suw hojalygy topary, Durnukly ösüş boýunça döwletara topar bilen bilelikde milli bilermenleri we halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.
Ol suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Bu işler Durnukly ösüş maksatlary, Howanyň üýtgemegi hakynda ylalaşyk hem-de degişli milli maksatnamalar boýunça ýurtlaryň borçnamalaryny nazara almak bilen amala aşyrylýar.
Iki günlük Aşgabat duşuşygynyň gün tertibiniň dört ugruň her biri boýunça ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak we döretmek, şeýle hem AHHG-nyň guramaçylyk düzümini we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly taslama teklipleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny we ylalaşylmagyny öz içine alýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen Lideriniň netijeli syýasy strategiýasyna ýokary baha berdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz Aral meseleleri bilen bagly bolan özara ylalaşykly we sazlaşykly möhüm wezipeleri işläp taýýarlamak babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge önjeýli goşant goşýar.
Sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygynyň gün tertibiniň çäklerinde AHHG-nyň institusional düzümini hem-de şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipler, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa goşulmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça geljekki gatnaşyklaryň ädimleri ylalaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi.
ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA
GAZNASYNYŇ TARYHYNDAN
1993-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň karary esasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasy döredildi. Gazna döredilenden soňra iňňän uly işler edildi. Esaslandyryjy ýurtlaryň maliýe serişdeleriniň hasabyna Aral deňziniň gurşawyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň birinji we ikinji tapgyrlary amala aşyryldy.
2009-njy ýylda Aral deňziniň gurşawyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň üçünji tapgyry işlenilip düzüldi. Esaslandyryjy ýurtlaryň we maliýe institutlaryň goldaw bermeginde 2011–2015-nji ýyllar üçin maksatnama durmuşa geçirildi.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasy Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýeti we beýleki guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.
AHHG-nyň esasy iş edarasy – Ýerine ýetiriji komitet nobata laýyklykda, Almaty şäherinde (1993-1997-nji ýyllarda), Daşkent şäherinde (1997-1999-njy ýyllarda), Aşgabat şäherinde (1999-2002-nji ýyllarda), Duşanbe şäherinde (2002-2008-nji ýyllarda), Almaty şäherinde (2009-2012-njy ýyllarda), Daşkent şäherinde (2012-2016-njy ýyllarda) ýerleşdi.
2017-nji ýyldan başlap, 2019-njy ýylyň awgust aýyna çenli AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Aşgabat şäherinde ýerleşýär.
2008-nji ýylda Araly halas etmegiň Halkara gaznasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesine eýe boldy.
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnama kabul edildi.